Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň harby akademiýasyna edilen hüjümde azyndan alty adam öldi


Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri. Arhiwden alnan surat
Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri. Arhiwden alnan surat

Owganystanda janyndan geçen hüjümçiniň Kabulyň harby akademiýasyna eden bomba hüjüminde azyndan alty adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahiminiň aýtmagyna görä, 11-nji fewralda amala aşyrylan hüjümde başga-da 12 adam, şol sanda parahat ilatdan bäş ýaşaýjy ýaralandy.

Owganystanyň Goranmak ministrligi wakada ýaralananlaryň sanynyň alty adamdan ybaratdygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzire çenli hiç bir topar öz üstüne almady. Hüjüm hökümet tarapyndan dolandyrylýan Marşal Fahim harby akademiýasynyň şäheriň günorta-günbatar bölegindäki binasynyň girelgesiniň golaýynda ýerleşýän barlag-gözegçilik nokadynda boldy diýip, Rahimi aýtdy.

Hüjüm ýerli wagt bilen irden sagat 07:00 töwereginde, işgärler we kursantlar akademiýa girýän mahaly boldy. Şondan soň wakanyň bolan ýerine Tiz kömek ulaglary bardy.

Hüjüme şaýat bolanlar uly partlamanyň yzýany, ok atyşygyň başlandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG