Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönümini belleýär


Tähranda 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 41-nji ýyl dönümini bellemek üçin geçirilýän ýörişde öldürilen komandir Kasem Soleýmaniniň kartondan kesilen suratlaryny göterip barýan çagalar. 11-nji fewral, 2020 ý.
Tähranda 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 41-nji ýyl dönümini bellemek üçin geçirilýän ýörişde öldürilen komandir Kasem Soleýmaniniň kartondan kesilen suratlaryny göterip barýan çagalar. 11-nji fewral, 2020 ý.

Eýranda 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 41-nji ýyl dönümini bellemek üçin Tähranda we ýurduň beýleki şäherlerinde on müňlerçe adam köçä çykyp, ýöriş geçirdi. Bu waka Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda dartgynlygyň ýitileşen mahalyna gabat geldi.

Yslam respublikasyny esaslandyran Aýatollah Ruhollah Homeýniniň portretlerini we Eýranyň baýdagyny göterýän adamlaryň köpçüligi Tähranyň merkezindaki “Azadi meýdanynda ýygnandy. Bu ýerde prezident Hassan Rohaniniň 11-nji fewralda giçlik çykyş etmegine garaşylýar.

Ýörişe gatnaşýanlar “Amerika ölüm” we “Biz soňuna çenli ýan bermeris” diýen ýaly şygarlar ýazylan plakatlary hem göterýärler.

Döwlet telewideniýesi ýurduň Maşhad, Ahwaz we Kerman ýaly şäherlerinde geçirilen ýörişler barada hem wideo maglumatlary görkezdi.

Her ýyl bellenilýän bu dabaralar Homeýniniň tarapdarlarynyň Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan Şa Reza Pahlawiniň soňky hökümetini agdaran gününe gabatlap geçirilýär. Bu sene Eýranda dört onýyllykdan bäri dowam edýän ruhany dolandyryşyň başlan gününi hem dabaralandyrýar.

XS
SM
MD
LG