Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

USAID Türkmenistanda Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny başladýar


ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID)

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanda Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny (FGI) başlatdy. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtynda maglumat berilýär.

Maglumata görä, bu maksatnama arkaly USAID türkmen kärhanalaryna täze iş ýerlerini döretmekde, işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde we satyşlary hem eksport möçberlerini artdyrmakda goldaw berer.

Bu işler esasan maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (ICT) ulgamynda, azyk senagaty pudagynda, haly we deri önümleri we el senetçilik ugurlarynda amala aşyrylar diýip, ilçihananyň maglumatynda bellenilýär.

USAID strategiki esasda çemeleşýän, öňde baryjy kärhanalara we guramalara öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmäge goldaw berer. Bu wezipeler bilelikde işleşmek we çykdajylary bilelikde paýlaşmak esasynda amala aşyrylar.

USAID Türkmenistanda 1992-nji ýylda işläp başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG