Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda Berdimuhamedowa garşy listowka peýda boldy


Listowkalar türkmen we rus dillerinde geçelgelere, binalara we bildiriş tagtalaryna asylypdyr.

Stambulyň türkmen migrantlarynyň arasynda meşhurlyk gazanan Aksaraý etrabynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy listowkalar peýda boldy. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär.

Listowkalar türkmen we rus dillerinde geçelgelere, binalara we bildiriş tagtalaryna asylypdyr. Listowkalaryň birinde “Diktator Gurbanguly Berdimummedowyň Bikanun Häkimiýetine Garşy Sen Hem Öz Ses-iňi goş!” diýen çagyryş prezidentiň familiýasynda harp ýalňyşy bilen türkmen dilinde ýazylypdyr.

Suratdan mälim bolşuna görä, ýüzlenmäniň her sözi baş harp bilen, ýöne “goş” sözi kiçi harp bilen, “Ses” sözi ýaşyl reňkde, “diktator” sözi gyzyl harplar bilen ýazylypdyr.

Suratdan mälim bolşuna görä, ýüzlenmäniň her sözi baş harp bilen, ýöne “goş” sözi kiçi harp bilen, “Ses” sözi ýaşyl reňkde, “diktator” sözi gyzyl harplar bilen ýazylypdyr.
Suratdan mälim bolşuna görä, ýüzlenmäniň her sözi baş harp bilen, ýöne “goş” sözi kiçi harp bilen, “Ses” sözi ýaşyl reňkde, “diktator” sözi gyzyl harplar bilen ýazylypdyr.

Görnüşinden, sütüniň gapdalynda oturdylan gapysy gulply kiçi bir obýektiň ýüzüne ýelmenen beýleki bir listowka, neşiriň maglumatyna görä, türkmen syýasy tussaglarynyň hatyrasyna bagyşlanypdyr we onda rus türkmen we iňlis dilinde #dyzyňyzdangalyň diýlen heşteg ýazylypdyr.

Listowkalary kimiň ýa-da kimleriň asandygy barada maglumat ýok.

“Ýöne turkmen.news-iň çeşmeleri olaryň birinde “Türkmenistanyň Liberal demokrat partiýasy” diýen ýazgyny gördi” diýip, neşir ýazýar.

Ady agzalýan partiýa barada Internetde maglumat tapdyrmaýar. “Ýöne bir ýerde onuň “daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplary” tarapyndan döredilendigi aýdylýar” diýip, türkmen.news ýazýar.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň arasynda türkmen hökümetine garşy pikir-garaýyşlaryň döräp başlandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy türkmen hökümetiniň garşysyna Stambulda peýda bolan listowkalaryň kimler tarapyndan ýazylyp, bildiriş tagtalaryna we beýleki ýerlere asylandygyny öwrenmäge synanyşýar.

Suratlardan mälim bolşuna görä, listowkalaryň awtorlary ýa-da eger bu bir guramaçylykly hereket bolsa, olaryň guramaçylary barada maglumat berilmeýär.

Aksaraýda peýda bolan listowkalar
Aksaraýda peýda bolan listowkalar

Şeýle-de, synçylar soňky wagtlarda sosial media ulgamlarynda-da mazmun taýdan belli bir derejede türkmen hökümetine garşy gönükdirilýän çykyşlaryň ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan soňky üç ýyl töweregi wagt bäri, synçylara görä, ýangyç bahalarynyň global arzanlamagy, ýurduň ykdysadyýetine degişli liberal häsiýetli reformalaryň gijikdirilmegi, durmuşyň ähli ugurlaryna degişli berk döwlet gözegçiligi, berk merkezleşdirilen dolandyryş, ýokary derejeli resmileriň arasynda giň ýaýran korrupsiýa, resmileriň iş başarjaňlygy ýaly meseleler sebäpli ýiti ykdysady krizisi başdan geçirip gelýär. Ýurduň bazarlarynda köp sanly gündelik iýmit önümleriniň we hususan-da daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň bahalary gymmatlygynda galýar. Ykdysady krizis ýurduň köp raýatyny gazanç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterýär.

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň sany barada anyk resmi statistiki maglumatlary aýan etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri geçen ýylyň maýynda soňky 10 ýyl töweregi wagtyň dowamynda 2 milliona golaý türkmenistanlynyň uzak möhletli esasda daşary ýurtlara çykandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG