Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň günortasynda regional prokuror we howpsuzlyk başlygy wezipelerinden boşadyldy


Žambyl regionynyň Masançi obasy. 8-nji fewral, 2020 ý.
Žambyl regionynyň Masançi obasy. 8-nji fewral, 2020 ý.

Gazagystanyň günortasynda ýüze çykan adam pidaly etniki çaknyşyklardan soň, bu sebitiň regional prokurory we howpsuzlyk başlygy wezipelerinden boşadyldy.

Baş prokuratura Žambyl regionynyň prokurory Žarkyn Kusaýnowyň, Milli Howpsuzlyk Gullugy hem edaranyň regional şahamçasynyň başlygy Şapaý Samakowyň wezipelerinden boşadylandyklary barada 12-nji fewralda yglan etdiler.

Mundan iki gün öň, gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Žambyl regionynyň häkimi Askar Myrzahmetowy wezipesinden aýrypdy.

7-8-nji fewral aralygynda Masançi, Sortobe, Aukatty we Bulan-Batyr obalarynda ýerli etniki gazaklar bilen asly hytaýly musulman topary bolan dunganlaryň arasynda ýüze çykan gazaply çaknyşyklarda 10 adam ölüpdi.

Hadysada başga-da onlarça adam, şol sanda 19 polisiýa ofiseri ýaralandy, şeýle-de 30-dan gowrak ýaşaýyş jaýyna, 47 ulaga zeper ýetdi.

Şu hepdäniň başynda Žambyl regionynyň polisiýa başlygy, sosial meseleler boýunça häkimiň orunbasary we regionyň Kordaý etrabynyň häkimi wezipelerinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG