Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Bize mermerden bina däl, zir-zibil döker ýaly çelek gerek'


Türkmenistanyň obalarynyň birinde zir-zibil dökülen meýdan. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň obalarynyň birinde zir-zibil dökülen meýdan. Arhiwden alnan surat

Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew we Darganata etraplarynyň ençeme obasy, raýatlaryň gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibillerini dökmek üçin niýetlenen, ýörite çelekler we ýerler bilen üpjün edilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy oba ýaşaýjylarynyň çäresizlikden, öz zir-zibillerini suw kanallaryna, zeýkeşlere, hatda Amyderýa akdyrýandygyny aýdýar.

“Farabyň, Çärjewiň we Darganatanyň obalarynda zir-zibil taşlamak üçin ýörite ýerler ýok. Käbir hojalyklar kanalizasiýalaryny we zir-zibillerini suw kanallaryna, zeýkeşlere, hatda Amyderýa akdyrýar. Käbir hojalyklar-da ony howlusynyň bir burçunda ýygnap ýakýar ýa-da guma äkidip taşlaýar. Bu ýagdaý indi ençeme ýyl bäri gaýtalanyp gelýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji fewralda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu ýagdaý bilen Lebabyň haýsy obalarynyň ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň ençemesi özleriniň munuň ekologiýanyň hapalanmagyna we dürli wiruslaryň, bakteriýalaryň ýaýramagyna getirýändigine düşünýändiklerini aýdýar. Ýöne olar häzirki wagt özlerinde başga çykalganyň ýokdugyny belläp, türkmen häkimiýetlerini bu meseläni tiz wagtda çözmäge çagyrýarlar.

“Bize mermerden bina gerek däl, zir-zibillerimizi taşlar ýaly ýer gerek. Her gün bolmasa-da, 2 hepdede bir gün gelip, zir-zibillerimizi alyp gider ýaly şert döredilse bolýar. Bu ekologiýanyň arassa bolmagyna getirip, her dürli wirusly keselleriň dargamagynyň öňüni alardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmakdan saklanan oba ýaşaýjylarynyň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol oba ýaşaýjylarynyň bu mesele barada kömek sorap, etrap we welaýat häkimliklerine eden ýüzlenmeleriniň-de häzirlikçe netije bermeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap, Çärjew hem-de Darganata etrap häkimliklerinden kommentariý almak başartmady.

Ýöne bu Türkmenistanyň obalarynda zir-zibil dökülýän çelekleriň ýokdugy we oba ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibilleri nirä dökjeklerini bilmän kösenýändigi barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan ilkinji habar däl.

Geçen ýylyň sentýabrynda Azatlygyň Marydaky habarçysy welaýatyň Baýramaly, Wekilbazar we Mary etraplarynyň obalarynda, hususan-da, Zarpçy daýhan birleşiginde zir-zibil dökmegiň gadagandygy barada bildirişleriň asylandygyny, ýöne ilatyň hapa-hupasyny dökmek üçin şert döredilmeýändigini habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda “Döwlet adam üçindir!” diýlen “baş şygary” öňe sürüp, ýurt raýatlarynyň “bagtyýar durmuşda ýaşamagy” üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp gelýärler.

Şeýle-de, ýurtda tebigaty we ekologiýany goramak meselesine ägirt uly üns berilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanýar. Türkmen häkimiýetleri beýlekiler bilen bir hatarda, “Altyn Asyr” kölüniň gurluşygy we köpçülikleýin bag ekmek ýaly işlere “möhüm ekologiýa çäresi” hökmünde baha berýärler.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şol sanda ýerli synçylar ýurt resmileriniň tebigaty goramak üçin iň zerur meseleleriň biri hasaplanýan hapa-hupalary ýygnamak we özleşdirmek meselesini ünsden düşürýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG