Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Murgap derýasyny gyrmançalardan arassalajak we suw joşgunynyň öňüni aljak gämi öz işine başlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky Daşköpri obasynyň golaýynda Murgap derýasynyň düýbüni gyrmançalardan arassalamak we derýanyň kenaryny berkitmek üçin “Miass 400/40 kysymly” gämi suwa goýberildi. Bu barada türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Orient” neşiri habar berýär.

Bu çäre Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň we Merkezi Aziýa üçin regional ekologiýa merkeziniň bilelikdäki planynyň bir bölegi hökmünde, Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) “Smart Waters: Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” atly proýektiniň goldawy esasynda başladyldy.

Bu çärä türkmen resmileri bilen bir hatarda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Matthew S. Klimow hem gatnaşdy.

Aýdylmagyna görä, proýektiň esasynda golaý-goltumdaky obalaryň we demirýoluň sil suwlarynyň astynda galmagynyň öňüni almak maksat edinilýär.

“Derýanyň hanasyndan suwa goýberilen rus gämisi Murgap derýasynyň düýbündäki gyrmançalary we ownuk görnüşdäki daşlary sorup, derýanyň kenaryndaky ýörite fundament çukuryna çykarýar. Gelejekde bu garyndy bentleri gurmak üçin ulanylar we arassa suw gaýtadan derýa akdyrylar” diýlip, neşir habar berýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçileriň ençemesi ýurtda gyrmançalardan dolan ýaplaryň, zeý kanallarynyň arassalanmaýandygy sebäpli özleriniň ekin meýdanlarynyň guraýandygyny indi ençeme ýyl bäri wagtal-wagtal habar berip gelýärler.

“Gyrmançalardan, haşal otlardan dolan ýaplar, zeý kanallary adatça her ýyl arassalanmaly. Ýöne bu etraplardaky daýhan birleşiklerinde iň soňky gezek mundan 30 ýyl çemesi ozal arassalaýyş işleri geçirildi. Şol sebäpli ne suw ýaplarynda, ne zeý akabalarynda suw akýar. Zeý suwlar ekin ýerlerini zaýalaýar we şorladýar. Bu bolsa, şaly ekinimizi guradýar” diýip, 11-nji oktýabrda lebaply kärendeçileriň biri anonim şertde gürrüň beripdi.

Galyberse-de, Murgap derýasynda amala aşyrylýan bu çäre şu ýylyň mart, aprel we maý alarynda ýurduň Balkan, Ahal we Mary welaýatlaryna güýçli siliň gelmeginden birnäçe aý soňa gabat geldi. Şonda ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik desgalarynyň we ekin meýdanlarynyň ençemesine zeper ýetipdi.

“Tagtabazar sebitinde Murgap derýasynyň suwy iki gezek ýokarlanyp, gaty howply derejä ýetdi. Häkimiýetleriň käbir ýerlerde gumly haltalary ýerleşdirip, öňüni alyş çärelerini görendigine garamazdan, sil geldi” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aprel aýynyň başynda gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli regionlaryna gelen sil we ýaplaryň gyrmançalardan dolmagy barada çykyş etmeýärler. Bu barada resmi mediada hem maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG