Hytaýyň paýtagty Pekine dolanýan syýahatçylar 14 günläp mejbury karantinde saklanarlar. Bu hytaý resmileriniň, ýurtda 1 müň 500-den hem aşa adamyň ölümine sebäp bolan, koronawirusyň gerimini peseltmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde amala aşyrylýar.
Resmi “Beijing Daily” gazetiniň 15-nji fewralyndaky sanynda çykan maglumatda bellenmegine görä, karantine boýun bolmadyk adamlara garşy jeza çäreleri ulanylar. Emma adamlaryň nähili jezalandyryljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Şeýle-de, bu düzgüniň Pekiniň ýaşaýjysy bolmadyk raýatlara ýa-da beýleki döwletlerden gelýän daşary ýurtlylara degişlidigi hem aýdyň däl.
“Mundan beýläk Pekine dolananlaryň ählisi 14 günläp ýa öýünden çykman oturmaly ýa-da gözegçilik toparyna ýüz tutmaly” diýip, gazetde bellenilýär.
Şeýle-de neşirde: “Öýünde oturmakdan ýa-da merkezleşdirilen gözegçilikden we beýleki öňüni alyş çärelerinden boýun gaçyranlara garşy kanuna laýyklykda çäreler görler” diýlip nygtalýar.
Bu aralykda, 14-nji fewralda Hytaý wirusa ýene 2 müň 641 adamyň ýolugandygyny habar berdi. Şol gün wirusdan 143 adamyň ölendigi hem mälim edildi. Wirus sebäpli ölenleriň umumy sany 1 müň 523 bolup, oňa ýoluganlaryň sany hem 66 müň 492-ä deň.
Hytaý wirus bilen azyndan 1 müň 716 saglyk işgäriniň keselländigini we olaryň azyndan altysynyň ölendigini aýdýar.
Dünýä boýunça COVID-19 diýlip atlandyrylýan wirusa 67 müň töweregi adam ýolugdy.