Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda bankomatlaryň öňündäki nobatlara gözegçilik güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýan mahaly, Mary şäherinde nobatlara gözegçilik güýçlendirildi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy şu günler raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň bankomatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň arasynda garaşyp, ilatyň näme barada gürrüň edýändigine gözegçilik edýändigini aýdýar.

“Mary şäherindäki bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi dowam edýär. Adamlar haýsy bankomatda pul bar bolsa, şonuň öňüne üýşýär. Şu gün irden Bitaraplyk köçesiniň ugrundaky ‘Belent’ söwda merkeziniň öňündäki ‘Türkmenistan’ bankynyň daş ýüzündäki 4 bankomada pul saldylar. Bu ýerde uly nobat döredi. Olaryň arasynda raýat eşigindäki organ işgärleri hem bar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 19-njy fewralda gürrüň berdi.

Habarçy olaryň bankomatdan pul almak üçin duran ýaly bolup, nobata gözegçilik edýändigini aýdýar. Şeýle-de, ol bu adamlaryň nobaty ýetende, olaryň yzynda duran adamy geçirip, täzeden yzdan nobat belleýändigini belleýär.

“Olar biri telefonda gepleşse, şoňa tarap süýşüp gepini diňleýär. Bir ýere seredip durup bilmeýär, yzygiderli eýläk-beýläk seredýär. Adamlar bir-biriniň arasynda ýuwaş gepläp, ‘şu gowy adam däl. Nobaty ýetende, yzdan täzeden nobat belleýär. Bir gep gözleýär’ diýýärler. Olar şol adam ýa-da adamlar golaýlaşanda, gürrüňini kesýärler we göni öňüne seredip durýarlar. Adamlar gürlemekden çekinýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna bu adamlaryň takyk haýsy edaranyň işgärleridigini we nobatlara gözegçilikleriň güýçlendirilmeginiň sebäplerini anyklaşdyrmak häzirlikçe başartmady.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlar her hepde diýen ýaly ýüze çykýar. Adamlar zähmet, pensiýa we talyp haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin ençeme sagatlap ýa-da günläp nobata durýarlar.

Mundam başga, döwlet dükanlarynyň öňünde-de un, çörek, şeker, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtga ýaly azyk harytlaryny satyn almak isleýän adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri bu nobatlar barada suratlary hem-de wideolary iberýärler.

Bu habarlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleri bankomatlaryň we döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlara, jemgyýetçilik ýerlerine gözegçiligi güýçlendirýärler.

Azatlygyň habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi munuň nobatlaryň surata ýa wideo düşürilmeginiň hem-de ýaýradylmagynyň öňüni almak üçin edilýän çäredigini aýdýarlar.

Ýanwaryň aýagynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýurduň kanun goraýjylarynyň paýtagtyň bazarlarynda gözegçiligi güýçlendirendigini habar berdiler. Şonda habarçy bazarlarda polisiýa işgärleri bilen bir wagtda güýç edaralaryň raýat geýimli işgärleriniň hem köpelendigini aýdypdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG