Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda gözegçilik güýçlendirildi


Aşgabadyň Teke bazary (arhiw suraty)
Aşgabadyň Teke bazary (arhiw suraty)

Türkmenistanyň kanun goraýjylary paýtagtyň bazarlarynda gözegçiligini güýçlendirdiler. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler bazarlarda polisiýa işgärleri bilen bir wagtda güýç edaralaryň raýat geýimli işgärleriniň hem köpelendigini habar berýärler.

"MHM-niň işgärleri öň metjitlerde nobat çekýärdiler, indi olar bazarlarda hem nobatçylyk edip başladylar. Teke bazarynda MHM-niň işgäri söwdagärlerden pul toplaýan we kwitansiýa berýän [bazar işgäriniň] ýanynda durýar" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri 28-nji ýanwarda habar berdi.

Şeýle-de onuň sözlerine görä, raýat geýimli adamlar bazara aýlanyp, alyjylaryň we söwdagärleriň näme barada gepleşýändigini diňleýärler. Elinde mobil telefony bolan adamlara aýratyn üns berilýär.

"Aýlanyp, syn edýärler. Elinde telefony bolan adamlary gözläp, olaryň näme barada gepleşýändigini eşitmäge synanyşýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşaýjylary döwlet edaralarynda, hususan-da okuw jaýlarynda we saglyk öýlerinde mobil telefonlaryny ulanmak gadagançylygyna duçar boldular.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň jemgyýetçilik ýerlerinde polisiýa gözegçiligi güýçlendirildi. Köçelerde, bazarlarda, azyk dükanlarynda, parklarda, aeroportlarda we demirýol wokzallarynda wideo ýa-da surat alan raýatlaryň tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi köpçülige mälim boldy.

Geçen aýda köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerde öň görlüp eşidilmedik derejede gözegçiligiň güýçlendirilmegi paýtagtdan beýleki regionlarda hem göze ilipdi.

Dekabr aýynda Azatlygyň Marydaky habarçysy şäheriň her bir künjeginde, ýollaryň çatryklarynda, döwlet edaralarynda, banklarda polisiýa işgärleriniň nobatçylyk edýändigini bu işe hatda ot söndürijileriň hem çekilýändigini habar beripdi. Olaryň öňünde goýlan wezipeleriň biri ýaşaýjylaryň bolup geçýän ýagdaýlary foto we wideo düşürmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny habarçymyz, ýerli polisiýa işgärlerine salgylanyp habar beripdi.

Şu günler Aşgabadyň bazarlaryndaky gözegçiligiň güýçlendirilen wagtynda, hususy söwda nokatlarynda alyjy köp göze ilmeýär, ilatyň aglaba bölegi döwlet tarapyndan kesgitlenýän bahalardan satylýan azyk önümlerini satýan dükanlarda uly nobatlarda durýarlar.

Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, bazarlaryň ýolbaşçylary we gözegçilik edýän güýç edaralarynyň işgärleri söwdanyň alnyp barylyşyna we alyjylara hödürlenýän hyzmatlaryň hiline ýeterlik üns bermeýärler.

- Hiç bolmanda olary bazarlardaky nyrhlar gyzyklandyrmaýar, ýa-da bazarlarda towuk budunyň iki gutudan köp satylmaýandygyna we her bir adam başyna iki sany butdan köp berilmeýändigine üns bermeýärler. Söwda ýarym sagatdan köp uza çekmeýär, şonda-da satyjy wagty çekjek bolup, gaty haýal işleýär - diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary, bahalaryň yzygiderli ýokarlanýan wagtynda hususy nyrhdan satylýan harytlaryň ilat köpçüligine elýeterli däldigini aýdýarlar. Bu ýagdaýda söwdagärler harytlaryny satmak üçin öz tarapyndan dürli usullary ulanýarlar, şol sanda aýdym aýdýarlar.

"Bazarlarda satyjylar aýdym aýdyp alyjylary çekjek bolýarlar. Sebäbi täze ýyldan bäri alyjy örän az" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 28-nji ýanwarda habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG