Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň nobatyna polisiýa gözegçilik edýär, nobaty surata düşürmek gadagan


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda döwlet dükanynyň öňünde iýmit önümlerini satyn almak üçin garaşýan adamlar
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda döwlet dükanynyň öňünde iýmit önümlerini satyn almak üçin garaşýan adamlar

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda dowam edýän azyk haryt ýetmezçiliginiň fonunda, Aşgabatda dükanlaryň öňünde döreýän nobatlara polisiýa işgärleri gözegçilik edýär. Şeýle nobatlaryň biri barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 30-njy oktýabrda habar berdi.

“Şu gün doganym […] belgili döwlet dükanyndan ýumurtga satyn aldy. Uly nobat bar, polisiýa işgärleri tertip-düzgüne gözegçilik edýär. Polisiýa esasan nobata garaşýan adamlaryň surata düşürilmezligi üçin adamlary yzarlaýar. Ýöne adamlaryň ýadyna surata almak düşenok, adamlaryň bar gaýgysy olar ýumurtga ýetermikä-ýetmezmikä diýip aladalanýarlar. Ýumurtganyň 11 sanysy 5 manatdan satylýar” diýip, habarçy Aşgabatdan habar berýär.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli dükanyň belgisini mälim etmekden saklanýar.

Habarçy azyk haryt üpjünçiligi bilen bagly Aşgabadyň iri bazarlaryndan Teke bazardaky ýagdaýlary öwrendi.

Onuň maglumatlaryna görä, Teke bazarda alyjylara esasan ýerli towuk etleri satylyp başlandy. Ýöne habarçy bu önümlerde önümiň öndürilen senesiniň we onuň ýaramlylyk möhletiniň ýazylmandygyny aýdýar.

Oktýabryň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy paýtagtyň döwlete degişli azyk haryt dükanlarynda towuk budunyň her ele çäkli möçberde satylýandygyny habar beripdi.

Habarçynyň soňky maglumatlaryna görä, Aşgabadyň Teke bazarynda käbir gök we miwe önümleriniň bahalary hem gymmatlady.

“Pyrtakal we mandarin gymmatlady, ozal onuň 1 kilogramy 15 manatdy, häzir 40 manada çykdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda döwlete degişli dükanlarda halkyň gündelik sarp edýän iýmit önümleriniň görnetin gytçylygy ýüze çykyp gelýär. Ýurt resmileri azyk haryt ýetmezçiligi barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Aşgabada azyk harytlary satylýan dükanyň öňünde döreýän nobata polisiýa işgärleriniň gözegçilik edýändigi baradaky maglumat ýurduň beýleki regionlarynda-da gündelik zerur bolan iýmit önümleriň döwlet dükanlarynda barha gytalýan wagtyna gabat gelýär. Ýerli habarçylaryň maglumatlaryna görä, soňky 1 aýdan gowrak wagt bäri Mary welaýatynda arassalanmadyk pagta ýagynyň gytçylygy döredi, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde ýerleşýän döwlet dükanlarynda un üpjünçiligi bilen bagly meseleler ýüze çykdy.

Ýurtda barha ýitileşip dowam edýän azyk haryt gymmatçylygy döwlet baştutanynyň içerki sarp edijilerden artýan ýerli azyk önümlerini daşary ýurtlara eksport etmek barada söwda resmilerine beren tabşyrygynyň yzýanyna gabat gelýär.

18-nji oktýabrda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda azyk harytlaryň ýurt raýatlaryndan artýan bölegini daşary ýurtlara satmak boýunça degişli resmilere tabşyryk berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG