Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply kärendeçiler döwletiň üpjün etmeli tohumlyk kartoşkasyny özleri satyn almaly bolýarlar


Kartoşka ekilen meýdan. Illýustrasiýa suraty
Kartoşka ekilen meýdan. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň günorta etraplaryndaky daýhan birleşiklerde kartoşka ekmek möwsümi başlandy, ýöne olaryň tas hiç haýsysyna döwlet tarapyndan tohumlyk kartoşka berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy, ýagdaý şeýle bolansoň, şu günler kärendeçi daýhanlaryň tohumlyk kartoşkany öz hasabyna satyn almaly bolýandygyny aýdýar.

“Welaýatyň Saýat, Hojambaz we Dostluk ýaly etraplarynda kartoşka ekilip başlandy. Döwlet daýhanlary tohumlyk kartoşka bilen üpjün etmedi. Kärendeçi daýhanlar tohumlyk kartoşkany özleri bazardan satyn almaly bolýarlar. Her 1 gektar ýer üçin 2,5 – 3 tonna tohum gerek bolýar. Bazarda iň arzan tohumyň 1 kilogramy 5 manatdan bahalanýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 21-nji fewralda gürrüň berdi.

Ol kärendeçi daýhanlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň munuň bilen çäklenmeýändigini, olaryň tehnika, suw we dökün ýetmezçiliginden hem kösenýändigini aýdýar.

“Ekiş başlanan bolsa-da, suw we dökün üpjünçiligi häzir-de tas ýok. Tehnika-da ýok. Kärendeçiler hasylyň pes bolmagyndan alada edýärler” diýip, daýhanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy belledi.

Olaryň sözüne görä, daýhan birleşikleriň resmileri kärendeçilere tohumlyk kartoşkanyň berilmezliginiň, olaryň tehnika, suw, dökün bilen üpjün edilmezliginiň sebäplerini “puluň ýokdugy” bilen düşündirýärler.

“Daýhan birleşikleriň resmileri ‘oba ýolbaşçylarynyň ählisiniň aýlygyny jemlense-de, tohum almaga ýetmeýär’ diýip aýdýarlar” diýip, lebaply kärendeçileriň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda daýhanlar döwletden alan kärende ýerlerinde tabşyryk boýunça ekin ekip, onuň hasylyny döwlete satýar. Bu şertnama esasynda döwlet daýhany tohum, tehnika, dökün we suw bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Ýöne soňky ýyllarda Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan kärendeçileriň ençemesi, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, tohum, tehnika, dökün we suw üpjünçiliginiň ýaramazlygyndan şikaýat edip gelýärler.

Lebaply kärendeçiler gök-bakja ekinlerini ekmek isleýän daýhanlaryň bu kynçylyklardan başga-da, daýhan birleşikleri bilen şertnama baglaşmak meselesinde hem bökdençliklere sezewar bolýandygyny aýdýarlar.

“Kärendeçiler bir ýyllyk şertnamany baglaşmak üçin daýhan birleşikleriň resmilerine para bermeli bolýarlar. Parany möçberi her gektar ýere ortaça 1000 manat diýlip kesgitlenýär” diýip, lebaply kärendeçileriň gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda şeýle ýagdaýlaryň haçan we haýsy daýhan birleşiklerinde bolandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar. Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada degişli türkmen resmilerinden, şol sanda Lebap welaýat häkimliginden hem kommentariý alyp bilmedi.

Bu kynçylyklaryň fonunda, lebaply daýhanlar döwlet telekanallaryna surata almak, ýagny öňünden reportažlary taýýarlamak üçin geçirilen dabara hem gatnaşmaga mejbur edilendiklerini aýdýarlar.

“Geçen hepde welaýatyň Saýat etrabynyň we Hojambaz etrabynyň Babadaýhan, Güneşlik obalarynda hem-de Dostlugyň Ýagtyýol obasynda, şeýle-de Astanababa obasynda “Watan” habarlaryna reportažlary taýýarlamak üçin ýörite çäre geçirildi. Daýhanlaryň kartoşka we käbir beýleki gök-bakja ekişini sahnalaşdyryp surata düşürdiler. Bu wideo basym türkmen telekanallarynda görkeziler” diýip, habarçy kärendeçilere salgylanyp aýtdy.

Daýhanlar döwlet telekanallary üçin gurnalan ekiş sahnalarynyň hakyky gök-bakja, şol sanda kartoşka ekişinden düýpli tapawutlanýandygyny hem bellediler.

“Kärendeçiler ekişi elde – kätmen we pil ulanyp – amala aşyrýarlar. Telewideniýe üçin gurnalan sahnalarda ýer almanyň ýörite traktorlaryň kömegi bilen ekilýändigi görkezilýär” diýip, habarçy lebaply kärendeçiniň sözüni getirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG