Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadasyz suw üpjünçiliginden ejir çekýän lebaply daýhanlar ekin meýdanlarynda gyşky ýuwuş suwlaryny tutmakda kösenýär


Illýustrasiýa suraty. Amyderýanyň kenary
Illýustrasiýa suraty. Amyderýanyň kenary

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri ýurduň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürýändiklerini gaýtalaýan wagty, lebaply daýhanlar ekin meýdanlaryny suwarmak üçin zerur bolan suwuň kadasyz üpjünçiliginden, şol sanda abatlanmadyk kanallardan hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiliginden şikaýat edýär.

“Lebapda daýhanlar gyşky ýuwuş suwlarynyň gijikdirilmeginden şikaýat edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy 11-nji fewralda habar berdi.

Ol Lebap welaýatynyň Farap hem-de Galkynyş etraplarynyň ençeme oba hojalyk işgäri bilen gürrüňdeş bolup, ekerançylyk üçin zerur bolan gyşky ýuwuş suwlarynyň gijikdirilmegine sebäp bolýan problemalar bilen gyzyklandy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, hususan-da arassalanmadyk kanallar hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiligi ekin meýdanlaryny gyşky ýuwuş suwlaryndan mahrum edýär.

“Muňa Amyderýada ýeterlik suwuň bolmazygy däl, şol suwdan resmileriň netijeli peýdalanyp bilmezligi sebäp bolýar” diýip, lebaply bir daýhan anonim şertlerde Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Lebaply agronomyň sözlerine görä, Amyderýadan gözbaş alýan Farap kanalynyň üsti bilen Galkynyş etrabynyň çägindäki ähli daýhan birleşikleri ekerançylyk suwlary bilen üpjün etmek mümkin. “Emma Amyderýadan gözbaş alýan kanallar arassalanmadyk” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sözüne goşdy.

Galyberse-de, ençeme lebaply daýhanyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň diňe bir Farap we Galkynyş etraplarynda däl, eýsem beýleki etraplarynda-da suw nasoslary ýetmezçilik edýär.

Daýhanlar ozal bar bolan suw sorujy nasoslaryň agramly böleginiň hatardan çykandygyny aýdýar.

“Täze suw sorujy nasoslary satyn almak üçin her ýyl kärendeçi daýhanlardan pul ýygnalyp alynýar emma nasos satyn alynmaýar” diýip, faraply daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde anonim şertlerde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň oba hojalyk meýdanlarynda fewral aýynda gyşky ýuwuş suwlary tutulýar, ýerler ýazky ekişe taýýar edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekin dolanyşygynda aýratyn ähmiýete eýe bolan bugdaý ekini üçin fewral aýlarynda ösüş suwlary tutulýar.

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri döwlet mediasynda edýän çykyşlarynda oba hojalyk ekinlerine niýetlenen ýerlerde suw üpjünçiliginiň kadaly ýola goýlandygyny aýdýarlar.

7-nji fewralda döwlet mediasy oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orzageldiýewiň hasabatyna salgylanyp, şu günler ýurduň “bugdaý meýdanlarynda ösüş suwlarynyň tutulýandygyny hem-de gowaça ekiljek meýdanlaryň ýazky ekiş möwsümine üstünlikli taýýarlanýandygyny” habar berdi.

Beýleki tarapdan, lebaply daýhanlar ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň çäginde gyşky ýuwuş suwlarynyň ýetmezçiliginden we olaryň gijikdirilmeginden şikaýat edýär.

“Haçan derýanyň (Amyrderýanyň) suwy köpelmeli, şonda ýerlere suw berýärler. Ol hem her ýylky ýagdaý – apreliň aýagynda ýuwuş suwy berlip, maýyň ortalaryna pagta ekilýär” diýip, lebaply daýhan Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Daýhanlaryň sözlerine görä, Amyderýadaky suwuň häzirki derejesinde ekerançylyga zerur bolan suw nasoslaryň kömegi bilen alynmaly.

Lebaply daýhanlaryň suw üpjünçiligi bilen bagly şikaýatlary, döwlet baştutanynyň ýurduň regionlarynda peýdalanyljak suwuň çäklendirilen möçberini tassyklamagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Ýatlasak, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýanwar aýynda 2020-nji ýyl üçin welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklady.

Resmi maglumata görä, bu Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen kabul edilipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG