Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň oba hojalyk resmileri kärendeçi daýhanlar bilen täze şertnama baglaşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň oba hojalyk resmileri kärendeçi daýhanlaryň ençemesi bilen täze şertnama baglaşyp başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär. Ýanwar aýynda ýerli häkimiýetler täze daýhan hojalyklary döretmek baradaky planlaryny yglan edipdiler. Şonda bu planlar kärendeçi daýhanlaryň arasynda alada döredipdi.

“Şu günler oba hojalyk resmileri pagta we bugdaý ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar bilen täzeden şertnama baglaşyp başladylar. Olaryň arasynda Hojambaz, Halaç, Kerki we Köýtendag etraplarynyň kärendeçileri bar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 5-nji fewralda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaply kärendeçileriň aýtmagyna görä, täze şertnamada daýhanlara, geçen ýyllardaky ýaly, ýeri 1 ýyl möhlet bilen kärendesine bermek göz öňünde tutulýar.

Geçen aýyň 20-ne Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda häkimiýet wekilleriniň täze daýhan hojalyklary döretmek boýunça ýerli kärendeçiler bilen duşuşyk geçirip başlandygyny habar beripdi.

Şonda emeldarlaryň daýhan hojalyk döredip biljek adamlara köp gektarlyk ýer teklip edip, 50 – 150 gektar aralygynda ýere gözegçiligiň hötdesinden gelip biljek daýhanlary gözleýändigi aýdyldy.

“Lebapda bu teklibe razy boljak adam ýokdur. Sebäbi häzirki şertlerde köp gektarlyk ýer alan daýhan hojalyklary ýa-da ferma başlyklary uzagy bilen 1 ýylda döwlete bergidar çykar. Bu hemmä mälim” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde gürrüňdeş bolan lebaply bir kärendeçi öz pikirini gürrüň beripdi.

Bu ýyl welaýatda köp gektarly daýhan hojalyklaryny döretmek planlarynyň soňa goýlana meňzeýändigini, lebaply habarçy aýdýar. Ol muňa daýhanlaryň bu pikire oňaýsyz garamagynyň hem-de bu hakda Azatlyk Radiosynda berlen gepleşikleriň sebäp bolandygyny belleýär.

“Oba hojalyk reformalaryny özgertmek meselesine täzeden serediljekdigi aýdylýar. Ozaldan 30-40 gektar ýeri bolan daýhanlar hem bar. Azatlykda berlen gepleşiklerden soňra, indiden beýläk köp mukdarda ýer almak isleýän raýatlara dolanşykda bolmadyk ýerleri özleşdirmek hasabyna kärendesine bermek maslahat edilýär” diýip, Lebap welaýat häkimliginiň jogapkär işgäri anonimlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna bu barada Lebap welaýat we Hojambaz, Halaç, Kerki hem-de Köýtendag etrap häkimliklerinden kommentariý almak başartmady.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri azyk harytlarynyň gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Türkmenistanda häkimiýetler täze oba hojalyk reformalaryny öňe sürýärler.

2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “düşewüntsiz” daýhan birleşikleriň ýerlerini ellerinden alyp, olary has girdejili işlejek önüm öndürijilere 99 ýyl möhlete kärendesine bermegi teklip edipdi.

Bu teklipden soň, ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna oba hojalyk hem-de beýleki önümçilik maksatlary üçin 8 müň 583,35 gektar ýeriň peýdalanmaga berlendigi yglan edildi.

Şeýle-de, bu habarlardan soň pagta, däne planyny dolup bilmeýän daýhanlara kärende ýerleriniň elinden alynjakdygy barada haýbat atylýandygyny Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar beripdiler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG