Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenabada sapar edýär


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

21-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkmenabada bardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Habarçy saparyň çäklerinde Berdimuhamedowyň Türkmenabatda gurlup, ulanylmaga beriljek metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň sapary bilen baglylykda, anna güni ir ertirden başlap, Türkmenabatda köçeler ýapyldy, hereket çäklendirildi.

"Ir-ertirden bäri ýollar ýapykdy, ýaňyrak açdylar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýatlasak, fewralyň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary, prezidentiň bu welaýata etjek saparyna taýýarlygyň çäklerinde, Türkmenabadyň köçelerinde jemagat hojalygynyň işgärleriniň arassaçylyk işlerini güýçlendirendigini habar beripdi.

Şonda Türkmenabadyň köçelerinde jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işlerini geçirip, haşal otlary çapdylar we ýollarda bejeriş işlerini geçirdiler.

Bitaraplyk köçesiniň ugrundaky köp gatly binalaryň ýol tarapyny, ýokarsyndan aşagyna çenli, ak reňke boýadylar. Köçäniň ugrundaky yşyklandyryş sütünlerindäki çyralar çalşyryldy. Suw çüwdürimler arassalanyp, olardaky näsazlyklar düzedildi.

Bu işlere welaýatyň Sakar, Saýat, Halaç, Farap, Serdarabat we Garaşsyzlyk etraplaryndan hem hojalyk işgärleri çekildi.

Şol bir wagtyň özünde Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynda-da prezidentiň saparyna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini habar berýärler.

Galyberse-de, prezidentiň Lebaba edýän sapary bilen baglylykda, welaýatyň çäginde soňky iki hepde bäri howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Döwlet metbugaty prezidentiň şu gün Türkmenabada edýän sapary barada heniz habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG