Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary prezidentiň saparyna taýýarlanýar: Köpçülikleýin arassaçylyk işleri geçirilýär


Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirýärler. Arhiwden alnan surat
Jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri arassaçylyk işlerini geçirýärler. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň köçelerinde köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär, hatardan çykan ýollara täze asfalt düşelýär we yşyklandyryş çyralary çalşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçysy bu işleriň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Mara etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Şäheriň köçeleri süpürilip, haşal otlar arassalanýar. Ýollaryň gyralaryndaky baglaryň düýpleri reňklenýär. Aeroportuň öňünden başlap, tä şäheriň Kemine köçesine, şeýle-de uly metjide çenli aralykdaky köçeleriň afişalaryny hem täzelediler. Tok edaranyň işgärleri Kemine köçesindäki yşyklandyryş çyralarynyň ählisini çalyşdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy fewralda gürrüň berdi.

Habarçy bu arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçen aýyň ikinji ýarymyndan geçirilip başlanandygyny, ýöne soňky günlerde onuň geriminiň has güýçlenendigini hem belledi.

“Şu gün Mary gurluşyk edarasynyň işgärleri uly metjidiň öňündäki 5-nji orta mekdebiň ýol gyrasyndaky ýanýodalaryň döwülen we opurlan ýerlerine beton guýdular. Demirýol we ýol gurluşyk işgärleri Baýramaly şaýoly bilen Kemine köçesiniň çatrygyndaky relsleri çalyşýarlar we asfalt düşeýärler. Bu ýerdäki işgärler adatça irden sagat 09:00-da işe başlaýarlar we gije sagat 00:00-dan soň hem öz işlerini dowam etdirýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Bu işlere jemagat hojalygy we beýleki gurluşyk edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, etrap hassahanalarynyň, bilim müdirlikleriniň işgärleri we mekdep mugallymlary gatnaşdyrylýar.

“Býujet işgärleri özlerine derek adam ugradýarlar. Olar 1 gününe 20 manat berýärler, ondan daşary öz iş ýerlerinde işlemeli hem bolýarlar” diýip, habarçy belledi.

Arassaçylyk işlerine gatnaşdyrylýan adamlara häkimligiň ýörite işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýär. Olar talabalaýyk arassalanmadyk ýerlerde täzeden arassaçylyk işleriniň geçirilmegini talap edýärler.

Bu arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň sebäpleri barada Mary şäher häkimiýetleri tarapyndan resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlygyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi bu işleri Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen düşündirýärler.

“Prezidentiň şu aýyň 8-ne Lebap welaýatyndaky uly metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy, şondan soňra, ýagny aýyň 10-da Mary şäherindäki metjitde sadaka berjekdigi aýdylýar” diýip, habarçy maryly býujet işgärleriniň biriniň sözüni getirdi.

Azatlyk Radiosy Marydaky geçirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleri we onuň sebäpleri, şeýle-de prezidentiň welaýata etjekdigi aýdylýan sapary barada şäher häkimliginden kommentariý almak başartmady. Bu barada resmi metbugatda hem häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.

Ýöne bu maglumatlar döwlet baştutanynyň Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda, Türkmenabat şäheriniň köçelerinde köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işleriniň geçirilýändigi baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda Berdimuhamedowyň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň öňýany, welaýatlaryň administratiw merkezlerinde döwlet baştutanynyň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Esasy ýollar arassalanýar we bejerilýär, ýol kenarlaryndaky jähekler reňklenýär. Şeýle-de, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG