Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap köçeleri arassalap, jaýlary ak reňke boýap, prezidentiň saparyna taýýarlanýar


Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işlerini geçirýär.
Türkmenabat şäherinde jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işlerini geçirýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerinde jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işlerini geçirip, haşal otlary çapýarlar we ýollarda bejeriş işlerini geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy bu işleriň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.


“Şu günler Türkmenabadyň köçelerinde uly başagaýlyk görünýär. Mämişi reňkdäki keltekçeli işgärler ellerine sübse ýaly gurallary alyp, ertir irdenden başlap, tä agşamyň garaňkysy gowy düşýänçä köçeleri arassalaýarlar. Ýoluň ugrundaky jähekleri bejerip, sosna baglarynyň düýplerini ak reňke boýaýarlar. Arassaçylyk işlerinden çykarylan otlar ýörite ulaglara ýüklenip alnyp gidilýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji fewralda gürrüň berdi.

Bu işleriň çäginde Bitaraplyk köçesiniň ugrundaky köp gatly binalaryň ýol tarapyny, ýokarsyndan aşagyna çenli, ak reňke boýaýarlar. Köçäniň ugrundaky yşyklandyryş sütünlerindäki çyralar çalşyrylýar. Suw çüwdürimler arassalanyp, olardaky näsazlyklar düzedilýär.

“Seýilgählerdäki oturgyçlar, saýawanlar hem ak reňke boýalýar. Şeýle-de, bu işlere ýakynda ýa uzakda ýerleşýän etraplardanam ençeme işgärler çekildi. Olaryň arasynda Sakar, Saýat, Halaç, Farap, Serdarabat we Garaşsyzlyk ýaly etraplardan getirilen işgärleri hem bar” diýip, habarçy belledi.

Habarçynyň sözüne görä, bu arassaçylyk işleri indi iki hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän bolsa-da, munuň sebäpleri barada häkimiýetler tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmeýär.


Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply býujet işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, bu çäreler prezident Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.

“Mundan iki hepde gowrak ozal Lebap welaýat häkimliginde dahylly edaralaryň başlyklary bilen ýygnak geçirildi. Şol ýygnakda prezidentiň fewral aýynyň ikinji ýarymynda gelýändigi aýdylyp, oňa görülmeli taýýarlyk çäreleri maslahat edildi. Şeýle-de, onuň Türkmenabatda gurlan täze metjidiň açylyş dabarasyna hem gatnaşjakdygy aýdyldy” diýip, habarçy býujet işgäriniň sözüni getirdi.

Döwlet baştutanynyň Lebap welaýatyna etmegine garaşylýan saparynyň anyk wagty nämälim bolup galýar. Azatlyk Radiosy bu barada Lebap welaýat häkimliginden hem kommentariý alyp bilmedi. Bu barada döwlet metbugatynda hem häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne prezident Berdimuhamedowyň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň öňýany, welaýatlaryň administratiw merkezlerinde döwlet baştutanynyň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Esasy ýollar arassalanýar we bejerilýär, ýol kenarlaryndaky jähekler reňklenýär. Şeýle-de, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt baştutanynyň welaýatlara edýän saparlaryny türkmenistanlylaryň käbiriniň gowy, käbiriniň oňaýsyz garşylaýandygyny aýdýarlar.

“Raýatlaryň käbiri sebitlerde abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini aýdyp, prezidentiň ýygy-ýygydan welaýatlara sapar etmegini isleýär. Käbir adamlar, hususan-da, prezidentiň geçjek köçesiniň ugrundaky jaýlarda ýaşaýan raýatlar bu çäräniň dürli bökdençlikleri döredýändigini aýdýarlar. Olar köçeleriň ýapylmagyndan, penjireleri açyp-ýapmagyň, olara zat asmagyň we öýe girip-çykmagyň çäklendirilmeginden zeýrenýärler” diýip, lebaply habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG