Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow problemalary agzamazdan, oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iş maslahatyny geçirip, beýleki meseleler bilen bir hatarda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

TDH-nyň habaryna görä, 24-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda türkmen prezidenti häkimlere maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmegi, şeýle hem kartoşkanyň, ýagny ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.

Berdimuhamedow ýurtda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ekiş möwsümine ýokary taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigini hem aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşy, Lebapda kärendeçileriň döwlet tarapyndan üpjün edilmeli tohumlyk kartoşkany öz hasaplaryna satyn almaly bolýandygy we serdarly çarwadarlaryň ýurduň maldarçylyk pudagyndaky şertlerden şikaýat edýändigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda bu problemalar agzalmady.

XS
SM
MD
LG