Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň dürli regionlarynda raýatlaryň pul nagtlaşdyrmakdaky problemalary saklanyp galýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda çekýän kynçylyklary, şol sanda bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlar dowam edýär.

Bu waka bilen bagly Azatlyk Radiosynyň paýtagt Aşgabatdaky hem-de Mary we Balkan welaýatlaryndaky habarçylary habar berýärler.

25-nji fewral güni “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň Aşgabadyň Aba Annaýew (ozalky Ostrowskiý) köçesiniň ugrunda ýerleşýän bankomatlarynyň öňünde dörän pul nagtlaşdyrmak nobatynda raýatlaryň arasynda dawa-jenjel turdy. Aşgabatly habarçy bu barada ýetiren maglumatynda, pul nagtlaşdyrmagyň adamlar üçin güzapdygyny habar berdi.

Bankomat nobatynyň wideosy Azatlyk Radiosyna gelip gowuşdy. Ýöne redaksiýa howpsuzlyk sebäpli ony çap etmekden saklanýar.

Beýleki bir paýtagtly habarçymyz bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda bar bolan problemalaryň günsaýyn barha ýaramazlaşýandygyny habar berýär.

Bu ýagdaý käbir adamlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryna-da öz täsirini ýetirip başlady: “Bir goňşym beýleki goňşymdan 600 manat möçberinde pul karz alypdyr. Algydar goňşym bergidar goňşymdan algysyny soraýar, onda bergidar goňşym bank kartyny uzadyp, “men pullarymy nagtlaşdyryp bilemok, al kartymy, zerur puluňy özüň nagtlaşdyryp alaý” diýýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy goňşy aralykda bolan ikibara gürrüňdeşlik barada, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde, maglumat iberdi.

Ýöne pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar diňe Azatlygyň habarçysynyň goňşularyna degişli däl, eýsem, ýurduň dürli regionlarynda, şol sanda Mary we Balkan welaýatlarynda-da pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalar dowam edýär, bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlar saklanyp galýar.

Şeýle problemalary fonunda ýurduň howpsuzlyk gulluklary hem uzyn nobatlara gözegçiligi güýçlendirýär.

“Mary şäheriniň bankomatlarynyň öňündäki nobatlaryň arasynda raýat eşikli organ işgärleri bar” diýip, 25-nji fewralda Azatlygyň habarçysy regiondan habar berdi.

“Şu gün Bitaraplyk köçesiniň ugrundaky “Belent” söwda merkeziniň garşysynda ýerleşýän “Türkmenistan” bankynyň daş ýüzündäki bankomatlarda uly nobat döredi. 4 bankomada pul saldylar, ýöne adam gaty kän” diýip, habarçy aýtdy.

Pul nobatyna garaşýan adamlar öz aralarynda hereketleri bilen üns çekýän raýatlary organ işgäri bolmakda gümän edýär.

“Ak köýnek, gara jalwar, gara kurtga geýnen bir adam öz nobaty ýetende, yzynda duran adamy geçirip, özi täzeden yzdan nobat belledi. Pul nobatyna garaşýan adamlaryň biri telefonda gepleşse, ýaňky gara kurtgaly adam oňa tarap süýşüp gep diňleýär. Bir ýere seredip durup bilmeýär, kellesi eýläk-beýläk, özi-de aňryk-bärik ýöreýär. Ol adamlardan “nobat ýetermikä, pul ýetermikä” diýip, soraşdyran bolup, gep gözleýär” diýip, bankomat nobatyna garaşýan bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Elbetde, bu maglumaty Türkmenistanyň organ edaralaryna jaň edip, olaryň öz işgärlerini raýat eşikde bankomat nobatyna ugradýandyklaryny ýa-da däldigini tassyklatmak Azatlyk Radiosyna mümkin däl.

“Adamlar şol adam golaýlaşsa, gürrüňi kesýärler we göni öňlerine seredişip durýarlar. Adamlar gürlemekden çekinýär, sebäbi üýtgeşik gep etseň, hamana, bir ýerlerden organ işgäri çykyp, ýygnap gidäýjek ýaly” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysynyň ýanynda içini dökdi.

Mundan ozal ýerli habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurtda häkimiýetleriň “gytçylyk” bilen däl-de “gytçylyk baradaky habarlara” garşy berk göreş alyp barýandygyny yzly-yzyna habar beripdiler.

Ýatlasak, 13-nji fewralda Azatlygyň paýtagtly habarçysy Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde azyk haryt satyn almak üçin garaşýan alyjylaryň “uzyn nobatlary ýaşyrmak üçin” arka gapydan kabul edilýändigini habar berdi.

Aşgabatly habarçy häzirki wagtda dekabryň aýlyk haklarynyň ilatyň bank hasaplaryna geçirilendigini, ýöne heniz hem ony köp sanly raýatyň nagtlaşdyryp bilmän kösenýändigini habar berdi. Türkmenistan 6 ýyldan gowrak wagt bäri aýlyklary, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tapgyrlaýyn esasda raýatlaryň bank hasaplaryna geçirmegi ýola goýdy. Ýöne bu ugurdaky problemalar, şol sanda nagt ýetmezçiligi, bankomatlaryň öňündäki uzyn nobatlar, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, saklanyp galýar.

Döwlet mediasyna görä, Türkmenistanyň ykdysadyýeti we bank ulgamy “bedew bady bilen” öňe barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG