Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus: Türkmenistan Eýran bilen aradaky serhedini ýapandan soň, Aşgabatda kartoşka gymmatlady


Türkmenistan Eýrandan beýleki gök-bakja önümleri bilen bir hatarda kartoşka import edýär.
Türkmenistan Eýrandan beýleki gök-bakja önümleri bilen bir hatarda kartoşka import edýär.

Goňşy Eýranda koronawirus ýokaşan adamlaryň sany artýan wagty, Türkmenistan özüniň Eýran bilen aradaky serhedini ýapandan soň, Aşgabatda kartoşkanyň bahasy gymmatlady.

Mundan 4-5 gün ozal Aşgabadyň bazarlarynda 5-6 manatdan bahalanan kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasy hususy söwdada, hiline görä, 26-njy fewralda 8-14 manat aralygynda bahalanýar, döwlet dükanlarynda 11 manat. Bular barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçylary çarşenbe güni habar berdi.

“Kartoşka 4-5 gün ozal bazarda 5 manatdy. Şu gün öýlän kartoşka satyn almak isledim. Onuň bahasy gymmatlapdyr, orta hilli kartoşkanyň 1 kilogramy 8 manat. Bazarda kartoşkanyň bahasy has-da gymmat, 13 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bazarlarda adamlar kartoşkanyň birden gymmatlamagynyň sebäpleri bilen gyzyklanýar.

“Alyjylar gahar-gazap bilen ‘näme üçin kartoşka beýle gymmat?” diýip, soraýar. Onda satyjylar ‘Serediň hemme ýerde şeýle’ diýýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň habar bermegine görä, bazarlarda adamlar Eýran bilen aradaky serhediň ýapylmagy bilen baglylykda Aşgabadyň ätiýaç ammarlaryndaky kartoşkanyň öňümizdäki bir hepdäniň dowamynda gutarmagyndan hem-de kartoşkanyň bahasynyň has-da gymmatlamagyndan howatyr edýär.

Türkmenistan Eýrandan beýleki gök-bakja önümleri bilen bir hatarda kartoşka import edýär. Ýatlasak, Eýranda koronawirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň artýan wagty, bu dümöwden ölenleriň sany sekize ýeten mahaly, duşenbe güni Türkmenistan özüniň Eýran bilen aradaky serhedini ýapdy.

Azatlygyň ikinji habarçysy paýtagtdyň döwlet dükanlarynda kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasynyň 26-njy fewralda 11 manada, hususy söwdada 14 manada çykandygyny habar berdi.

“Ýaňy ýakynda kartoşkanyň bahasy ortaça 6 manatdy” diýip, ol sözüne goşdy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda koronawirusdan ozal hem, baryp üç ýyl töweregi wagt bäri ýurduň bazarlarynda hem-de döwlet dükanlarynda iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edip gelýär.

Koronawirus sebäpli Eýran serhedi ýapylandan soň, Aşgabatda kartoşkanyň bahasy gymmatlaýan wagty, beýleki käbir gündelik iýmit önümleriň gytçylygy täzeden ýüze çykdy.

“Ösümlik pagta ýagy döwlet dükanlaryndan tas ýitirim boldy diýlen ýaly. Diňe irden örän ujypsyz mukdarda ýag satylýar” diýip, habarçy çarşenbe güni Aşgabatdan habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, paýtagtyň ençeme döwlet dükanynda towuk eti gyt, “towuk budy satylmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň bazarlarynda käbir azyk harytlaryň ä1 kilogramynyň soňky bahalaryny öwrendi:

Alma 8-10 manat aralygynda, apelsin 10 manat, mandarin 12 manat, käşir 3 manat, sogan 5 manat.

“Sogan bazarda 5 manat, ýöne hususy söwdada 6-10 manat aralygynda” diýip, Azatlygyň ikinji habarçysy maglumatyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň özünde-de döwlet plan borçnamasy esasynda daýhanlaryň kärende ýerlerinde kartoşka ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne içerki bazarlaryň ýerli kartoşka bilen üpjünçiligi boýunça anyk statistiki sanlar mälim edilmeýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň Eýrandan import edýän kartoşkasynyň möçberi we bahasy barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi hasabatlarynda agzalmaýar.

Golaýda Türkmenistan Eýran bilen aradaky serhedini näbelli möhlete çenli ýapdy. Eýran resmileri 26-njy fewrala çenli Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 15 adama ýetendigini tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG