Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda birnäçe gün bäri ýumurtga satylmaýar, towuk eti gytaldy, bazarda bahalar ýene-de gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabadyň "Gök bazary"
Illýustrasiýa suraty. Türkmenabadyň "Gök bazary"

Lebabyň administratiw merkeziniň çägindäki döwlet azyk dükanlarynda birnäçe gün bäri ýumurtga satylmaýar, towuk eti gytaldy. “Gök bazaryň” döwlet azyk dükanlarynda iýmit önümlerini satyn almak üçin alyjylaryň döredýän nobatlary saklanyp galýar. Ýerli polisiýanyň bazarlarda bahalara gözegçilik synanyşyklary netije bermeýär.

Türkmenabatdaky azyk üpjünçiliginiň soňky ýagdaýy baradaky habarlary Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýetirýär.

Onuň sözlerine görä, Türkmenabatda bazarlardaky döwlet azyk dükanlarynda 10 gün bäri ýumurtga satuwdan aýryldy, towuk eti gytaldy.

Habarçy Gök bazardaky 10, 36 we 8 belgili döwlet azyk dükanlarynyň öňünde buhanka, pagta ýagy we un satyn almak üçin dükanlaryň öňündäki alyjy nobatlarynyň yzynyň üzülmeýändigini aýdýar.

Habarçy welaýatyň beýleki käbir etraplaryndaky azyk üpjünçiliginiň ýagdaýyny hem öwrendi:

“Beýleki etrap we obalarda-da ýagdaý birmeňzeş. Çärjew etrabynyň döwlet dükanlarynda noýabryň başynda arassalanmadyk pagta ýagy 1-2 sapar satyldy. Indi, pagta ýagy umuman satylmaýar” diýip, habarçy ýurt içinden habar berdi.

Ol käbir azyk önümleriniň hususy söwdadaky bahalaryny anyklady:

“Daşary döwletlerden import edilen iň arzan günebakar ýagynyň 1 litri 19 manat. Etiň bahasy 33 – 55 manat aralygynda” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, pensiýalarynyň hasabyna “gün görýän” ençeme lebaply gymmat azyk harytlaryny satyn almaga öz pensiýa tölegleriniň ýetmeýändigini aýdýarlar.

Ol bazarlarda polisiýa işgärleriniň bahalara gözegçilik synanyşyklarynyň netije bermeýändigini tassyklaýar.

“Bahalar ýokarlanýar. Bazardaky söwda gözegçilik edýän polisiýa işgärleri bahalary her gün birnäçe minut peseldýär” diýip, habarçy belleýär. Ýöne onuň sözlerine görä, bu gözegçilik çäreleri birnäçe minutdan aňry geçip bilmeýär.

Bazarda polisiýanyň bahalara gözegçilik çäreleri güýçlenen wagty, habarçynyň sözlerine görä, gassaplar bazarda et söwdasyny wagtlaýyn duruzýarlar.

Ol azyk harytlaryň söwdasynda umumy durnuksyzlygyň dowam edýändigini aýdýar. Habarçy Türkmenabadyň “Gök bazarynda” beýleki käbir iýmit önümleriniň 1 kilogramynyň soňky bahalary barada goşmaça maglumat berdi. Olar şeýle:

  • Tüwi – 15 manat
  • Ýokary hilli kartoşka – 6 manat
  • Russiýada öndürilen un – 11 manat
  • Nar – 15 manat
  • Üzüm – 15 manat
  • Alma – 10 manat
  • Ananas – 80 manat
  • Balyk – 35 manat

Onuň sözlerine görä, bu bahalar agzalýan harytlaryň başlangyç bahalary bolup, şol bir önümiň hiline baglylykda bahalar has-da galýar.

Ýurduň dürli künjeklerinde iýmit önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar dowam edýär. Olaryň hususy we döwlet dükanlaryndaky bahalarynyň arasyndaky uly tapawut bar.

Azatlygyň beýleki bir harbarçysynyň 25-nji noýabrdaky maglumatlaryna görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 13 manatdan satylan günebakar ýagynyň hususy söwdadaky bahasy 19 manat, bazarda 1 sanysy 8-9 manatdan satylan ýumurtganyň döwlet bahasy 45 teňňe, banan hususy söwdada 12 manatdan, döwlet dükanlarynda 6 manatdan satylýar.

19-njy noýabrda Azatlygyň habarçysy Lebapda un bilen pagta ýagynyň gytçylyk sebäpli hususy dükanlarda satylmagynyň gadagan edilendigini we olaryň döwlet dükanlarynda tapdyrmaýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň döwet mebugatynda ýurtda dowam edýän azyk gytçylygy we gymmatçylygy barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG