Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen döwlet serhedi ýapylandan soň, Aşgabadyň “Teke bazarynda” kartoşka tekjelerden ýitirim boldy


Illýustrasiýa suraty. Eýran bilen döwlet serhedi ýapylandan soň, Aşgabadyň “Teke bazarynda” kartoşka tekjelerden ýitirim boldy
Illýustrasiýa suraty. Eýran bilen döwlet serhedi ýapylandan soň, Aşgabadyň “Teke bazarynda” kartoşka tekjelerden ýitirim boldy

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 27-nji fewral güni öýlän Aşgabadyň “Teke bazarynda” kartoşkanyň satuwdan aýrylandygyny habar berdi.

Bu Türkmenistanyň goňşy Eýran bilen döwlet serhedini ýapandan soň, paýtagtyň hususy we döwlete degişli söwda nokatlarynda kartoşkanyň bahasynyň gymmatlamagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň beýleki künjeklerinden hem kartoşkanyň we beýleki käbir gök-bakja önümleriniň gymmatlaýandygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy penşenbe güni Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasynyň 15 manada çykandygyny habar berdi.

26-njy fewralda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky iki habarçysy Aşgabadyň bazarlarda, şeýle-de hususy we döwlet dükanlarynda kartoşkanyň gymmatlaýandygy barada habar berdiler.

Mundan bir hepdä golaý wagt ozal, Aşgabadyň bazarlarynda 5-6 manatdan bahalanan kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasy hususy söwdada, hiline görä, 26-njy fewralda 8-14 manat aralygynda bahalandy, döwlet dükanlarynda onuň bahasy 11 manada çykdy.

Türkmenabatdaky habarçy 27-nji fewralda şäheriň bazarlarynda käbir gök-bakja önümleriniň bahalaryny öwrendi. Onuň maglumatlaryna görä, kartoşka 15 manat, sogan 6 manat, alma 9-10 manat aralygynda, mandarin 9-10 manat.

Golaýda Türkmenistan goňşy ýurtda ýaýraýan koronawirus keseli bilen baglylykda, Eýran bilen aradaky döwlet serhedini näbelli möhlete çenli ýapdy. Munuň yzýany, ýurtdan kartoşkanyň bahasynyň gymmatlaýandygy barada maglumatlar gelip başlady.

Türkmenistan Eýrandan beýleki gök-bakja önümleri bilen bir hatarda kartoşka import edýär.

Türkmenistanyň özünde-de döwlet plan borçnamasy esasynda daýhanlaryň kärende ýerlerinde kartoşka ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne içerki bazarlaryň ýerli kartoşka bilen üpjünçiligi boýunça anyk statistiki sanlar mälim edilmeýär. Galyberse-de, Türkmenistanyň Eýrandan import edýän kartoşkasynyň möçberi we bahasy barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi hasabatlarynda agzalmaýar.

Türkmenistanda koronawirus keseli döwlet baştutany derejesinde ilkinji gezek 25-nji fewralda döwlet metbugatynda agzaldy.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň ýokary derejeli saglyk resmileri bilen duşuşygynda Bütindünýä saglyk guramasynyň bu kesel bilen bagly pandemiýa howpuny çaklaýandygyny aýtdy hem-de onuň ýurda aralaşmazlygy üçin degişli çäreleri görmegi resmilerden talap etdi.

Türkmenistanyň Owganystan we Eýran bilen serhet geçelgelerini ýapmagy türkmen prezidentiniň keseliň ýurda aralaşmazlygy üçin ýurt resmilerinden edýän talabynyň fonunda bolup geçýär. Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda we Eýranda koronawirus bilen bagly hadysalar hasaba alyndy, Eýranda bu keselden ölen adamlaryň sany, resmi maglumatlara görä, 15 adamdan aşdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 26-njy fewraldaky maglumatlaryna görä, bazarlarda adamlar Eýran bilen aradaky serhediň ýapylmagy bilen baglylykda Aşgabadyň ätiýaç ammarlaryndaky kartoşkanyň öňümizdäki bir hepdäniň dowamynda gutarmagyndan hem-de kartoşkanyň bahasynyň has-da gymmatlamagyndan howatyr edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG