Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar


Sarahsdaky türkmen-eýran serhet geçelgesi
Sarahsdaky türkmen-eýran serhet geçelgesi

Türkiýeden giden ýüzlerçe ýük ulag sürüjisi Türkmenistanyň territoriýasyna goýberilmeýändigi sebäpli, türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýarlar. Bu barada habar berýän “Amerikanyň sesi” neşiri Eýrana dolanmagyna-da rugsat berilmeýän türk sürüjileriniň näme etjeklerini bilmeýändigini aýdýar.

Bu waka Eýranda koronawirusdan kesellän we ölen adamlaryň sanynyň artmagynyň fonunda, Türkmenistanyň goňşy ýurtlary, şol sanda Eýran bilen serhetlerini ýapmagynyň yzýanyna gabat geldi.

“Türkiýeden gök-bakja önümlerini, geýim-gejimleri, mebel we gurluşyk enjamlaryny Türkmenistana alyp barýan ýük ulag sürüjileri ençeme gün bäri Eýranda saklanyp galýarlar. Eýranda koronawirusyň bardygy habar berlenden soňra, Türkmenistan goňşusy bilen serhedini ýapdy. Şondan soň türk sürüjileri Eýran tarapynda galdy. Lüftabad serhet geçelgesinde ýerleşýän ýük ulag duralgasyndaky 800-e golaý sürüjiniň Eýrana dolanmagyna hem rugsat berilmeýär” diýip, neşir ýazýar.

Neşiriň Türkçe gullugy bilen söhbetdeş bolan ýük ulag sürüjileriň aýtmagyna görä, olara ne türk, ne türkmen, ne-de eýran resmileri kömek edýär.

“Biz hiç ýere çykyp bilmeýäris. Iýjek-içjek zatlarymyzy hem alyp bilmeýäris. Konsulhana jaň edýäris. ‘Kesellärin’ diýip, biziň bilen duşuşmagy yzygiderli soňa süýşürýär. Bizi ne Eýran, ne-de Türkmenistan tarapyna goýberýärler. Türkiýä gideli diýsek, Türkiýede kabul etmeýär. Daşymyzda esgerler we polisiýa işgärleri bar. ‘Daşary çyksaňyz tussag edilersiňiz’ diýýärler. Biz ýanymyza gelýän satyjylardan azyk satyn alýarys. Keselçiligiň bize-de ýokuşmagyndan alada edýäris” diýip, neşir Sami Aýtaş atly sürüjiniň sözüni getirdi.

25-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýaýran howply koronawirus keselini ilkinji gezek resmi derejede agzady we ýurtda koronawirus bilen bagly kesellänleriň hasaba alynmandygyny mälim etdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistan goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapdy. Onuň öňüsyrasynda Eýran bilen we üç hepde mundan öň Özbegistan bilen serhetler ýapyldy.

1-nji martda Bütindünýä Saglyk guramasy bu wirusyň dünýäde 86 müňden gowrak adama ýokuşandygyny we ondan azyndan 2 müň 900 adamyň ölendigini mälim etdi.

Bu wirus geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň Wuhan şäherinde döräpdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG