Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň häkimiýetdäki partiýasy, garaşylany ýaly, parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy


Merkezi Saýlaw Komissiýanyň başlygy Bahtiýor Hudoýorzada
Merkezi Saýlaw Komissiýanyň başlygy Bahtiýor Hudoýorzada

Täjigistanyň saýlaw häkimiýetleri 1-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident Emomali Rahmonyň häkimiýetdäki partiýasynyň, garaşylany ýaly, ýeňiş gazanandygyny we prezidente tarapdar ýaranlary bilen parlamentdäki kontrollygy öz elinde saklamaga taýýardygyny mälim etdi.

2-nji martda Merkezi Saýlaw Komissiýanyň başlygy Bahtiýor Hudoýorzadanyň yglan eden deslapky netijelerine görä, ses berijileriň 50,4 prosenti häkimiýetdäki Halkyň Demokratik partiýasyny goldap ses beripdir. Şeýlelikde, bu partiýa parlamentiň 63 agzalyk aşaky öýi – Majlisi Namoýandagondaky partiýa sanawlary üçin paýlanýan 22 orundan 12 sanysyny üpjün etdi.

Partiýa sanawlaryna görä, Täjigistanyň Demokratik partiýasy we Sosialistik partiýasy aýry-aýrylykda 1 hem-de Agrar partiýasy 4 orun eýeledi.

Mundan bäş ýyl öň Täjigistanda “Yslam Galkynyş Partiýasyna” garşy gadagançylyk girizilipdi. Şondan bäri awtoritar ýurtda ilkinji gezek geçirilýän parlament saýlawlaryna Täjigistanyň ses bermäge hukugy bolan 4 million ilatynyň 86 prosentinden gowragy gatnaşdy.

Täjik hökümeti oppozisiýa toparlaryny we tankytçylaryny basyp ýatyrmakda köpden bäri tankytlanýar.

XS
SM
MD
LG