Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bosniýa-Herzegowina özüniň koronawirus ýokuşan ilkinji iki näsagy barada habar berdi


Srpska respublikasynyň Saglyk we sosial abadançylyk ministri Alen Seraniç metbugat ýygnagynda.

Bosniýa-Herzegowina özüniň koronawirus ýokuşan ilkinji iki näsagy barada habar berdi, olar balkan ýurdunyň serbleriň köplük bolup ýaşaýan bölegine degişli işçi we onuň çagasy bolup durýar.

Srpska respublikasynyň Saglyk we sosial abadançylyk ministri Alen Seraniç 5-nji martda guralan metbugat ýygnagynda ol işçiniň Italiýa baryp gelendigini we özüne ýokuşan wirusy Banja Luka şäherinde ýaşaýan çagasyna hem geçirendigini aýtdy.

"Ol erkek hassahana ýerleşdirildi, onuň aýalyna wirus ýokuşmandyr, emma olaryň çagasyna koronawirus ýokuşypdyr” diýip, Seraniç çaganyň hem saglyk gözegçiligine alnandygyny, näsaglaryň ikisiniň hem ýagdaýynyň gowudygyny, olaryň wirus sebäpli döreýän kesele (COVID-19) uçramandygyny sözüne goşdy.

Seraniç wirus ýokuşan çaganyň okaýan mekdebiniň ýapylandygyny we beýleki ätiýaçlyk çäreleriniň görlendigini hem sözüne goşdy. Ýöne ol wirus ýokuşanlaryň sanynyň köpelmeginiň hem mümkindigini belledi.

Şu aralykda Saud Arabystany öz raýatlary üçin Mekge şäherine içerki umra zyýaratyna girizen gadagnlygyny uzaltdy.

Saud häkimiýetleri 27-nji fewralda daşary ýurtlularyň umra hajyna we Medine şäherinde pygamberiň metjidine zyýarat etmek üçin gelmeklerine wagtlaýyn gadaganlyk girizdi.

Mundan başga, koronawirus sebäpli ölenleriň sany 80 adama golaýlandan soň, Italiýanyň bilim ministri Lucia Azzolina hökümetiň mekdepleriň we uniwersitetleriň ählisini derhal ýapmagyň pikirini edýändigini aýtdy we birazdan aýyň ortasyna çenli okuw jaýlaryny ýapmak kararynyň kabul edilendigi mälim boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG