Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Idlib welaýatynda ýaraşykdan öň zorluk, soň bolsa “birneme asudalyk” boldy


Ok atyşygy bes etmek boýunça ýaraşyk bar bolan söweş liniýalarynda berjaý ediler we ýaraşyk boýunça M4 magistral ýolunyň ugrunda 12 kilometr giňişlikde howpsuzlyk geçelgesini döretmek göz öňünde tutulýar.
Ok atyşygy bes etmek boýunça ýaraşyk bar bolan söweş liniýalarynda berjaý ediler we ýaraşyk boýunça M4 magistral ýolunyň ugrunda 12 kilometr giňişlikde howpsuzlyk geçelgesini döretmek göz öňünde tutulýar.

Siriýanyň hukuk gözegçiligi guramasy we aktiwistler Türkiýäniň hem-de Russiýanyň liderleriniň baglaşan ýaraşyk ylalaşygy ýary gije güýje girenden soň, Idlib welaýatynda “birneme asudalyk” barada habar berýärler, ýöne olar ylalaşyk güýje girýänçä zorlugyň dowam edendigini aýdýarlar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 6-njy mart güni ir sagatlarda Idlibiň esasy sebitlerinde seresaply asudalygyň höküm sürýändigini aýtdy.

Idlib şäherinde ýaşaýan bir aktiwist Germaniýanyň dpa habar gullugyna uruş sebäpli heläk bolan şäheriň ähli sebitlerinde ýagdaýlaryň asudadygyny aýtdy.

Muňa garamazdan, Obserwatoriýa ýary gije ýaraşygyň güýje girmeginiň edil öňýany, rus söweş uçarlarynyň howa zarbalarynyň hem-de ýaranlykdaky Siriýanyň hökümet güýçleriniň hüjümleriniň Idlibiň oba ýerlerini we Hamanyň golaýyndaky sebitleri nyşana alandygyny habar berdi.

Obserwatoriýa Sarakeb şäheriniň günbataryndaky atyşyklarda iki türk esgeriniň ölendigini habar berdi.

6-njy martda Türkiýäniň goranmak ministrligi öldürilen esgerleriň aryny almak üçin, ýaraşygyň güýje girmeginden birnäçe sagat ozal, öz pilotsyz uçarlarynyň zarbalarynyň 21 siriýaly režim esgerlerini “zyýansyzlandyrandygyny” aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdogan 5-nji martda Moskwada alty sagat dowam eden gepleşiklerden soň, soňky wagtlarda ýygjamlaşan zorluk sebäpli dörän dartgynlylygy gowşatmak bilen baglylykda, demirgazyk-günbatar Idlib welaýaty üçin ýaraşygy ýary gije başlatmak boýunça ylalaşandyklaryny mälim etdiler.

Ok atyşygy bes etmek boýunça ýaraşyk bar bolan söweş liniýalarynda berjaý ediler we ýaraşyk boýunça M4 magistral ýolunyň ugrunda 12 kilometr giňişlikde howpsuzlyk geçelgesini döretmek göz öňünde tutulýar. Geçelgä 15-nji martdan başlap, rus we türk goşunlary tarapyndan bilelikde gözegçilik ediler.

Duşuşyk Russiýanyň ýakyn ýarany bolan Siriýanyň prezidenti Başar al – Assadyň güýçlerine garşy soňky hepdelerde Türkiýäniň hüjüme girişmegi bilen, Siriýadaky soňky gozgalaňçy galasy bolan Idlibde dartgynlygyň dörän wagtyna gabat geldi.

Idlib boýunça mundan ozalky ýaraşyk şertnamasy, onuň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi bilen baglylykda Moskwa bilen Ankaranyň birek-biregi aýyplamagy bilen, gysga wagtyň içinde puja çykypdy.

Putin Erdogan bilen Moskwada duşuşandan soň “ylalaşyk Idlibiň dartgynlylygy azaltmak zolagynda söweşleri bes etmek üçin hem-de asuda ilatyň ejir çekmegini bes etmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigine” umyt bildirdi.

Erdogan Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan ediljek islendik hüjüme Türkiýäniň bar güýji bilen ar alyş hukugyny özünde saklaýandygyny aýtdy.

27-nji fewralda Ankara 34 türk esgeriniň howa hüjümleri bilen öldürilmeginde Siriýany günäkärleýändigini habar berdi. Bu Ankarany ar almaga iterdi we 1-nji martda Türkiýe pilotsyz uçar zarbalary bilen 19 siriýaly esgeri öldürdi hem-de hökümetiň iki sany söweş uçaryny urup ýykdy.

Konfliktdäki garşydaş taraplary goldaýan Türkiýe we Russiýa şu wagta çenli göni gapma-garşylykdan gaça durup gelýär, ýöne soňky wakalar köp synçynyň NATO agzasy Türkiýe bilen Russiýanyň ýaragly çaknyşyklara goşulmagyndan alada bildirmegine sebäp boldy.

Ankara, Idlibe hüjüm eden Assad güýçleriniň Moskwa bilen 2018-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda yza çekilmegini isleýär.

Fewral aýynyň ahyrynda Erdogan Türkiýäniň diňe Siriýanyň hökümet güýçleri bilen işleşmegine ýol bermegi üçin Russiýanyň Siriýada bir gyra çekilmelidigini Putine aýtdy.

Ýöne soňky bäş ýylda Assada möhüm howa goldawyny beren Moskwa 2011-nji ýyldan bäri raýat urşundan ejir çekýän ýurtda Siriýa hökümetiniň doly gözegçilik etmelidigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary “biz NATO ýaranymyz Türkiýäniň tarapyny tutýarys” diýip, Ankara güýçli goldawyny beýan etdi hem-de Siriýadan we Russiýadan Idlibdäki “ýigrenji” hüjümi bes etmegi talap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG