Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media: Saud häkimiýetleri patyşa maşgalasynyň üç agzasyny tussag etdi


Mohammad bin Salman Riýadda rus prezidenti Wladimir Putin bilen, 14-nji oktýabr, 2019.
Mohammad bin Salman Riýadda rus prezidenti Wladimir Putin bilen, 14-nji oktýabr, 2019.

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri patyşa maşgalasynyň üç agzasyny tussag astyna aldylar, synçylaryň käbiri muňa täç geýdirilen hökmürowan şazadanyň häkimiýeti has-da öz elinde jemlemeginiň görkezijisi hökmünde seredýär.

ABŞ mediasynyň maglumatlaryna görä, 7-nji martda tussag edilenleriň arasynda şazada Ahmed bin Abdulaziz al-Saud, patyşa Salmanyň dogany hem bar. Ol, patyşa maşgalasynyň agzasy bolmak bilen, 2017-nji ýylda häkimiýet ugrundaky göreşleriň çäginde Mohammad bin Salmanyň täç geýdirilen şazada bolmagyna garşy çykypdy.

Şazada Ahmed we patyşanyň ýegeni, şazada Mohammad bin Naýef 7-nji mart güni irden, dönüklikde aýyplananlaryndan soň, patyşalygyň nökerleri tarapyndan tussag edilip, öýlerinden alnyp gidildi.

“The Wall Street Journal” bu maglumaty ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp berdi.

“The New York Times” bolsa, bulardan başga şazada Naýefiň inisi, şazada Nawaf bin Naýefiň hem tussag edilendigini habar berýär.

Saud häkimiýetleri bu çykan maglumatlara barada bada-bat düşündiriş bermediler.

Täç geýdirlen şazada tanymal ruhanylary we aktiwistleri, şol sanda şazadalary we biznes elitasynyň wekillerini türmä basmak bilen, häkimiýeti öz elinde jemledi.

Takwa musulman ýurdunda aşa konserwatiw kanunlary ýatyrmagy açyk wada bermek bilen, täç geýdirilen şazada, ABŞ-nyň ýakyn ýarany adam hukuklarynyň bozulmagy, şol sanda ýurtda agyr çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýan aýal-gyzlaryň hukuklarynyň basgylanmagy babatda aýdylýanlarda tankyt edilýär.

Patyşanyň ogly, şazada Mohammad 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň tankytçysy we ABŞ-ly žurnalist Jamal Haşogginiň patyşalygyň Stambuldaky konsullygynda öldürilmegi sebäpli hem halkara ýazgarmalaryna sezewar boldy.

XS
SM
MD
LG