Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri koronawirusa garşy edýän işleri barada daşary ýurtlulara habar berdiler


Aşgabat

Koronawirusyň dünýä ýurtlaryna ýaýramagy we Türkmenistanda bu wirus bilen bagly ýagdaý barada resmi derejde ilata jikme-jik maglumat bermekden saklanýan türkmen häkimiýetleri özleriniň koronawirusa garşy alyp barýan çäreleri barada daşary ýurtly resmilere habar bermek üçin duşuşyk gurnadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden maglumatyna görä, ýurda iňňän howply infeksion keselleriň, şol sanda COVID-19 wirusynyň gelmeginiň öňüni almak çäreleri boýunça 5-nji martda geçirilen brifingde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine, şeýle-de halkara guramalarynyň wekillerine Türkmenistanda kesellän ýa-da kesellemekde güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny habar beripdirler.

Türkmen resmileriniň duşuşygyň gatnaşyjylaryna beren maglumatlarynda ýurtda keseliň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasynyň dolandyryjy merkezleriniň döredilendigi we profilaktiki çäreleriň geçirilýändigi, şol sanda ilata dem alyş ýollardaky kesellerden sanjym edilýändigi, studentleriň, mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş çäreleriniň geçirilýändigi aýdyldy. Ýurduň medisina edaralarynda bu tema boýunça okuw seminarlary geçirilýär.

Türkmen resmileriniň daşary ýurtly wekillere beren maglumatlarynda aýdyşlaryna görä, olar ýurt ilatynyň saglyk we öňüni alyş çäreler barada sowadyny artdyrmak boýunça işleri geçirýärler, şeýle-de ilaty zerur medisina serişdeleri bilen üpjün edýärler. Şeýle-de, seminarda türkmen häkimiýetleriniň "ýokarda agzalan infeksiýanyň ýurda gitmegine" ýol bermezlik boýunça çärelere hem gözegçilik, hem-de analiz edýändigi habar berildi.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň ýolbaşçylary we habar beriş serişdeleri koronawirusyň dünýäde ýaýramagyna we özleriniň geçirýän çärelerine degişli ýagdaý barada ilata takyk maglumat bermeýärler.

Mundan öň Türkmenistanda koronawirus resmi derejede DIM-niň 31-nji ýanwarda çap eden maglumatynda ýekeje gezek agzalyp geçdi, soň 25-nji fewralda ýurduň ýolbaşçysy koronawirus barada birinji gezek çykyş etdi. Şonda-da türkmen resmileri koronawirusyň ýurtda ýokdugyny yglan etdiler.

3-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçylary, Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasyndaky çeşmelerine salgylanyp, şol keselhanada karantinde saklanýanlaryň arasynda azyndan iki sany adamda koronawirusyň tapylandygyny habar berdiler. Keselhananyň resmileri bu maglumatlary Azatlyga tassyklamakdan ýüz öwürdiler.

Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda döredilen karantin zolaklarynda ýüzlerçe adamyň saklanýandygyny, goňşy Eýrana baryp gaýdan telekeçileriň karantine salynýandygyny olaryň getiren harytlarynyň ellerinden alnyp, ýok edilýändigini habar berdiler. Mundan öň Hytaýdan gelen söwdagärleriň hem karantine salnyp, olaryň ençemesiniň getiren harytlarynyň yzyna gaýdyp berilmändigi mälim bolupdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetleri ýapyklygyna galýar.

Ýurduň howa gatnawy çäklendirilýär, ýurda uçarly barýan ýolagçylar barlanýar, daşary ýurtlular barlaglardan öz hasabyna geçmäge mejbur edilýär.

Türkmenistan ilat tarapyndan köp talap edilýän reýslere çäklendirme girizdi. "Türkmenhowaýollary" Aşgabatdan Stambula gatnaýan uçarlaryny 26-njy fewral we 30-njy mart aralygynda doly ýatyrýandygyny yglan etdi.

6-njy martda "Türkmenhowaýollary" Aşgabada gatnaýan uçarlaryny Türkmenabada geçirýändigini habar berdi. Maglumatda COVID-19 wirus bilen bagly ýagdaý sebäpli kompaniýanyň birnäçe kynçylyklara duçar bolandygy we şu sebäpden TK322 we TK223 reýsleriniň 6-njy we 7-nji martda Türkmenabat şäheriniň halkara aeroportunda amala aşyryljakdygy habar berilýär.

Şeýle-de, maglumatda Türkmenistandan Stambula barýan we Stambuldan Türkmenistana gaýdýan ähli reýsleriň mart aýynyň aýagyna çenli türkmenabatdan amala aşyryljagy aýdylýar. Martyň aýagyna çenli Stambul-Türkmenabat reýsiniň sişenbe we anna günlerinde agşam sagat 21:35-de we Türkmenabat-Stambul reýsleriniň her çarşenbe we şenbe günlerinde ir sagat 4:20-de amala aşyryljakdygy habar berilýär.

​"Türkhowaýollary" kompaniýasynyň wekilleri bu üýtgeşiklikleri entek resmi derejede kommentirlemediler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG