Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Meniň Şinjiangdaky yzarlanmalary aýtmazlygym üçin, saraýymyzy otladylar"


Tursynaý Ziýaudun, Hytaýdan bolan etniki uýgur.

Hytaýyň Şinjiang welaýatyndaky «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş gеrinde» bolup gelen etniki uýgur Tursynaý Ziýaudun öz howlusynda goşmaça zerurlyklar üçin gurlan desga ot berlendigini aýdýar. Ol adamsy bilen Almaty oblastynyň Şelek obasynda täzeden durmuşa başlapdy. Ziýaudun bu hadysany Şinjiang welaýatyndaky ýagdaýlar barada aýdan sözünden görýär.

Hytaýdan bolan Tursynaý Ziýaudun Kalmyrza Halykuly diýen etniki gazaga durmuşa çykypdyr. Bu maşgalanyň sözüne görä 14-nji fewralda kimdir biri olaryň saraýyny otlapdyr. Saraý ot alanda, olar jaýdan çykyp bilmändirler, sebäbi gapy daş ýüzünden ýüp bilen daňlypdyr.

«Biz gapyny açyp bilmedik. Ýangyn söndürijä jaň etdik. Ýangyn söndürijiler gelende, gapa daňlan ýüpi kesip, daş çykdyk. Muny kimiň edenini bilemzok, belki, bizi gorkuzmak isländirler» diýip, 42 ýaşly Tursynaý aýdýar.

Ýangyndan soň olar polisiýa arza beripdirler. Azatlyk Radiosy Ýenbekşi gazak raýon polisiýasynyň bölümine jaň etdi.

— Adam pidasy ýa ogurlyk bolmandyr, diňe saraý ýanypdyr. Ýagnyna garşy gulluk bize ýangynyň sebäbi barada hasabat bermeli, şonuň esasynda biz iş açyp bilýäris. Häzire çenli ol dokument bize gowuşmady – diýip, polisiýa bölümi aýdýar.

Tursynaý Ziýaudunyň howlusynda ot alan saraý. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 20-nji fewraly.
Tursynaý Ziýaudunyň howlusynda ot alan saraý. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 20-nji fewraly.

Tursynaýyň özi muny «Hytaýda başdan geçirenleri hem yzarlanmalar barada beren gürrüňi» bilen baglanyşdyrýar. «Bu diňe duýduryş bolsa gerek» diýip çaklaýar. Golaýda kimdir biri oňa jaň edip, özüniň Hytaýdan gelendigini, garyndaşlarynyň sargydyny gowşurmalydygyny aýdyp, duşuşmagy sorapdyr. 63 ýaly Kalmyrza Halykulynyň sözüne görä, olaryň ýanyna gelen kimdir biri «olaryň ümsüm gezmelidigini» duýdurypdyr.

«Bu, megerem, maňa bolan hüjüm bolsa gerek. Olar bu ýerde-de maňa gün berjek däle meňzeýär. Men näme etjegimi bilemok» diýip, Tursynaý aýdýar.

«LAGERDE MENIŇ IÇIME URDULAR, INDI MENDEN ÇAGA BOLMAZ»

Kalmyrza Halykuly 2017-nji ýylda Gazagystanyň graždanlygyny alypdyr, Tursynaý Ziýaudun bolsa Gazagystanda başpena gözleýäniň statusynda ýaşaýar. Tursynaý Şinjiangdaky «syýasy taýdan täzeden terbiýeleş lagerine» iki gezek düşüpdir, indi özüne bosgunlyk hukugynyň berilmegini sorap, gazak hökümetine ýüz tutýar.

Olar Şinjiangdaky Kures Ili- Gazak awtonom okrugyndan 2011-nji ýylda Gazagystana gelip, wagtlaýyn hasapda durupdyrlar. Kalmyrza Halykuly pensiýa çykýança Hytaýda wraç bolup işlänsoň, ol ýerden pensiýa aljak bolup, Gazagystanyň graždanlygyna arza bermändir.

Tursynaý Ziýaudun hem adamsy Kalmyrza Halykuly öz öýlerinde. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 20-nji fewraly.
Tursynaý Ziýaudun hem adamsy Kalmyrza Halykuly öz öýlerinde. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 20-nji fewraly.

Almaty oblastynyň Ýenbekşi gazak raýon sudy olara Gazagystana legal ýagdaýda gelmedigi üçin jerime salypdyr. Şondan soň är-aýal ýene Hytaýa geçipdirler. Serhetden geçen badyna hytaý polisiýasy olaryň dokumentlerini elinden alýar. 2017-nji ýylyň aprelinde Tursynaýy «uzak wagtlap daşary ýurtda bolany üçin» diýen bahana bilen «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerine» iberip, adamsynyň dokumentlerini yzyna gaýtarypdyrlar.

— Ol döwürde lager ýaňy açylypdy. Şonuň üçin adamyma degen däl bolsalar gerek. Ol wagt lager beýle ýowuz däldi, onuň garawullary bilen gepleşip bolýardy. Bir aý geçensoň aşgazanymdan ýara döräp, men keselhana düşdüm. Doktorlaryň ýazan diagnozy esasynda meni lagerden goýberdiler – diýip, Tursynaý aýdýar.

Ikinji gezek ol 2018-nji ýylyň martynda «lagere» düşýär.

— Meni iki garawul aýal ugradyp barýardy. Egin-eşigim bilen birlikde gulakhalkamy hem boýnumdaky altyn zynjyry ýüzugra aldylar. Näme üçin beýle edýäňiz diýip soramaga-da maý bermediler. Men bilen bile ýene bir 70 ýaşdan geçen uýgur aýaly getirdiler. Onuň başynda ýaglygy bardy, owaly şol ýaglygy sypyrdylar. Bar adamyň gözüniň alynda onuň uzyn köýnegini çykartdylar. Ol görgüli diňe içki eşiginde galdy – diýip, Tursynaý ýatlaýar.

Tursynaýyň sözüne görä, «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lageri» türmeden ýaramaz bolmaly. Olary gijäniň ýarynda turuzýandyklaryny, aýratyn jaýa eltip sorag edýändiklerini hem urup-ýençýändiklerini aýdýar.

— Bir gezek meniň garnyma örän güýçli urdular. Men huşumy ýitirdim. Maňa operasiýa etdiler hem indi çaga bolmajagyny aýtdylar. Gazagystana gelenimden soň men ýene wraça ýüz tutdum, olaram şony gaýtaladylar – diýip, ol aglaýar.

Tursynaý häzir hem doktorlaryň gözegçiliginde galypdyr, muňa delil hökmünde ol medisina dokumentlerini hem spawkalary görkezýär.

TURSYNAÝ NÄDIP GAZAGYSTANA DOLANYPDYR?

Onuň adamsy Kalmyrza Halykuly Gazagystana dolanyp bilipdir hem 2017-nji ýylda graždanlyk almagy başarypdyr. Şondan soň ol gazak resmilerine ýüzleniň, aýalyny bu ýere getirmäge kömek sorapdyr. Tursynaý 2019-njy ýylda äriniň çakylygy bilen üç aýlyk möhlete rugsat alyp, Gazagystana gelip bilipdir. Ol wiza bilen Gazagystana geleni üçin, häzir Gazagystanyň graždanlygyny almaga arza berip bilmeýär. Onuň elinde diňe başpena soraýan bosgunlyk dokumenti bar, ol dokumentiň möhletini hem iki gezek uzaltmaly bolupdyr.

— Ony maňa indi diňe bir gezek uzaldyp bererler. Eger bosgunlyk hukugyny bermeseler, Hytaýa iberip bilerler. Ol ýerde bolsa maňa türme garaşýar. Ondan Gazagystanda ölenim gowy. Meniň milletim uýgur bolsa-da, özüm gazagyň gelni ahyryn – diýip, ol aýdýar.

Tursynaý Ziýaudunyň Gazagystanda hasaba alnan dokumenti. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 20-nji fewraly.
Tursynaý Ziýaudunyň Gazagystanda hasaba alnan dokumenti. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 20-nji fewraly.

Azatlyk Radiosy bu mesele barada Almaty oblastynyň migrasiýa polisiýasy bilen habarlaşdy. Ýöne Tursynaý Ziýaudunyň başpena sorap beren arzasy barada jogap alyp bilmedi. Hytaýdaky gazaklaryň hukuklary bilen gyzyklanýan ýurist Aýna Şormanbaýewa Tursynaýyň arzasy bilen baglanyşykly işe ýörite komissiýanyň şu mart aýynda garajakdygyny aýtdy.

Şinjiangdaky etniki azlykdaky milletleriň; esasan yslam dinine uýýan uýgurlaryň, gazaklaryň, tatarlaryň hem beýleki türki dilli milletlerden bolanlaryň hytaý hökümetleri tarapyndan yzarlanmagy 2017-nji ýylyň baharyndan başlanypdy hem olar «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerlerine» atyldylar. Pekin owal başda şeýle «lagerleriň» bardygyny ret etdi. Soňra bolsa ony «tälim beriji merkez» diýip atlandyrdy hem terrorizme we ekstremizme garşy göreş üçin döredilendigini aýtdy. 2018-nji ýylda BMG Şinjiangdaky lagerlerde bir milliona golaý musulmanyň saklanýan bolmagynyň mümkindigini mälim etdi.

Hytaýdaky musulmanlardan Gazagystana gaçyp gelenleriň arasynda yzarlanýan diňe Tursynaý Ziýaudun däl, 2018-nji ýylda Hytaýdan bolan etniki gazak Saýragül Sauybaý hem gazak-hytaý serhetinden bikanun geçeninden soň, gazak hökümetinden başpena sorady. Ol şeýle hukugy alyp bilmän, Şwesiýa gitmäge mejbur boldy. Häzirki wagtda Hytaýyň Şinjiangyndan gelen bosgunlar Kaýşa Akan, Bagaşar Malikuly, Kaster Musahanuly hem-de Murager Alimuly Gazagystandan bosgunlyk hukugyny almaga çalyşýarlar. Olarda «başpena soraýanyň şahadatnamasy» bar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG