Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi sudy adam söwdasynda aýyplanýan türkmenistanlynyň girew esasynda boşadylmak baradaky arzasyny ret etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hindistanyň Goa ştatyndaky Bombaý ýokary sudy adam söwdasynda aýyplanýan türkmen raýatynyň girew esasynda tussaglykdan boşadylmak baradaky arzasyny ret etdi.

“The Times of India” neşiriniň 11-nji martda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň 20 ýaşly raýaty Goanyň Anjuna obasynyň polisiýasy tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda tussag edilipdi.

“Student wizasy esasynda Hindistana baran türkmen raýaty, türkmenistanly we gyrgyzystanly aýallary öz içine alýan ten satmak işine gatnaşygy bolmakda tussag edilip, ýurduň Ahlaksyz söwdanyň öňüni almak boýunça kanuny esasynda hasaba alnypdy” diýlip, habarda bellenilýär.

Kazy Nutan Sardessai türkmen raýaty “student wizasy bilen ýurda gelendigine garamazdan, bu ýurda edýän saparyny uzaltdy we şeýle işler bilen meşgullandy” diýdi.

“Ol, görnüşi ýaly, Kazyýet işiniň birinji synpyndan öň sud öňüne çykarylmalydyr. Adam söwdasy bilen bagly jenaýatyň çynlakaýlygyny nazara alanymyzda, arz eden girew esasynda [boşadylmak] hukugyna eýe bolup bilmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Neşiriň habaryna görä, hindi sudy wakada aman galanlaryň arzalary öwrenilenden soň, agzalýan adamyň aýallary ten satmaga itermek we olardan komission prosent hökmünde pul ýygnamak roluny oýnan ýaly bolup görünýändigini yglan etdi.

"Arz edeniň adalatdan gaçmak ähtimallygyny hem aradan aýryp bolmaz” diýip, hindi sudy aýtdy.

Soňky iki ýyla golaý wagt bäri Hindistanyň metbugatynda türkmenistanlylar barada yzygiderli habarlar peýda bolýar. Bu habarlarda türkmenistanlylaryň adam söwdasy, altyn gaçakçylygy, ten satmak we walýuta gaçakçylygy ýaly aýyplamalarda tussag edilendigi aýdylýar.

Geçen ýylyň 18-nji dekabrynda Deliniň aeroportunda türkmenistanly dokuz aýal ýurduň daşyna 38 milliondan gowrak hindi rupisini, ýagny 500 müň dollardan gowrak möçberde daşary ýurt walýutasyny bikanun ýol bilen çykarmaga synanyşmakda aýyplanyp tussag edildi.

Halkara ekspertleriň we ýerli synçylaryň pikiriçe, Türkmenistan soňky üç ýyla golaý wagt bäri agyr ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär we bu ýagdaý ilat arasynda maşgala eklemek üçin her hili töwekgelçiliklere baş goşýan raýatlaryň köpelmegine alyp gelýär.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurt raýatlarynyň ykdysady kynçylyklar we işsizlik zerarly daşary ýurtlarda düşýän agyr ýagdaýlary barada hiç bir maglumat bermän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG