Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda dokuz türkmenistanly aýal walýuta gaçakçylygynda tussag edildi


Illýustrasiýa suraty.

Deliniň aeroportunda dokuz türkmenistanly aýal ýurduň daşyna 38 million 300 müň hindi rupisi (541 müň 961 dollar) möçberinde daşary ýurt walýutasyny bikanun ýol bilen çykarmaga synanyşmakda aýyplanyp tussag edildi diýip, Hindistanyň “Times of India” neşiri 23-nji dekabrda habar berdi.

Habara görä, 18-nji dekabarda Deliniň aeroportunda Türkmenistana barýan 105 ýolagçy saklandy we olaryň goşlary Hindistanyň gümrük gullugy tarapyndan barlandy.

Hindi gümrük gullugynyň beýanatyna görä, saklanan ýolagçylardan 48-si kanunda rugsat berlen möçberde walýutany ýanlary bilen alyp barýandyklary sebäpli olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berildi.

Saklanan ýolagçylardan 9 aýal tussag edildi diýip, hindi metbugaty ýerli resmilere salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, hindi resmileri bikanun ýollar bilen ýurtdan çykarylmaga synanyşylan daşary ýurt walýutasynyň altyn gaçakçylygynyň üsti bilen edinilendigini aýdýar.

“Bir topar daşary ýurtly ýurda daşary ýurtlardan bikanun ýollar bilen altyn geçirip, ony bu ýerde öz ‘kontaktlarynyň’ kömegi bilen satýarlar. Olar mundan gazanan pullaryny köplenç nagt görnüşinde Hindistanyň daşyna çykarmaga synanyşýarlar” diýip, “Times of India” hindistanly bir resminiň sözlerine salgylanýar.

Maglumata görä, waka bilen bagly derňewler dowam edýär.

Hindi metbugatyndan mälim bolşuna görä, mundan ozal hem birnäçe türkmenistanly Deliniň aeroportunda altyn gaçakçylygy bilen baglylykda tussag edilipdi.

Ýatladyp geçsek, maýyň başynda dördüsi Türkmenistanyň raýaty, jemi bäş ýolagçy bahasy 20 million hindi rupisine barabar, ýagny ortaça 288 müň 140 amerikan dollary möçberindäki gyzyly bikanun ýollar bilen Hindistanyň çägine saljak bolanda hindi gümrük resmileri tarapyndan saklandy.

Ondan ozal geçen ýylyň maýynda 29 türkmenistanly jemi 950 müň dollara barabar altyny bikanun ýollar bilen Hindistanyň çägine girizmäge synanyşmakda aýyplanyp tussag edildi.

Şonda Azatlygyň ýurt içindäki ýagdaýdan habarly çeşmesi türkmen häkimiýetleriniň Hindistanda gaçakçylykda aýyplanyp tussag edilen türkmenistanlylary ýurda ekstradisiýa etdirmäge synanyşýandyklary barada habar beripdi.

Ýerli synçylar Türkmenistanda walýuta söwdasyna girizilen çäklendirmeleriň ownuk telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary barha kän altyn gaçakçylygyna ýüz urmaga itekleýändigini aýdýarlar.

Ekspertleriň pikiriçe, gaza baý Türkmenistan soňky ýyllarda öz iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär.

Türkmen metbugaty ýurt raýatlarynyň ykdysady kynçylyklar, işsizlik zerarly daşary ýurtlarda düşýän aýgyr ýagdaýlary barada hiç bir maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (3)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG