Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bir türkmenistanly Hindistanda altyn gaçakçylygynda tutuldy


Türkmen şaý-sepleri
Türkmen şaý-sepleri

Türkmenistanly aýal Nýu-Deli aeroportunda jarnamada görkezmän altyn şeý-seplerini geçirjek bolanda tussag edildi diýip, hindi metbugaty 28-nji noýabrda habar berdi.

Dördünji gün çap edilen resmi beýanatda aýdylmagyna görä, gümrük resmileri ony 782 gram altyn şaý-seplerini bikanun geçirjek bolup synanyşanda tussag etdiler.

Ady aýdylmaýan türkmenistanly zenan Deli aeroportuna hepdäniň üçünji güni, Aşgabatdan gelipdir.

Soňky döwürde türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda altyn gaçakçylygy bilen tutulyşy barada barha kän habar çykýar.

“The Times of India” neşiri 5-nji maýda “Türkmenistanly dört ýolagçynyň, şol sanda üç zenanyň aýrybaşga reýslerde Deli aeroportuna gelende, soň altyn gaçakçylygy sebäpli saklanandygyny habar berdi.

Bu türkmen raýatlarynyň gyzyl gaçakçylygynda aýyplanyp, Hindistanda tussag edilmegi bilen bagly hindi metbugatynda soňky bir ýylyň dowamynda çykan dördünji habar boldy.

Metbugat maglumatlarynda aýdylmagyna görä, aýry-aýrylykda saklanan türkmen raýatlaryndan bikanun geçirmek synanyşygy edilen, umumy bahasy 1 million ABŞ dollaryndan hem geçýän 20 kilogramdan gowrak altyn şaý-sepleri konfiskasiýa edildi.

Şol bir wagtda, hindi aeroportunyň gümrük işgärleriniň käbiriniň altyn gaçakçylygynda güman edilýän türkmenistanly zenana nädogry çemeleşmekde aýyplanyp, wagtlaýyn işden çetleşdirilendigi barada hem maglumatlar çykdy.

“Hindustantimes” neşiriniň maglumatyna görä,gümrük resmileri ol ofiseriň aýry-aýrylykda gelen ýolgaçy aýallary, ýanynda zenan ofiser bolmazdan, öz iş otagyna alyp gidendigini, munuň düzgüne ters gelýändigini aýtdylar.

Neşiriň maglumatyna görä, bu ofisere garşy derňew Delide ýaşaýan bir aýaldan elektron poçta arkaly gelen şikaýat esasynda başlanypdyr. Ol aýal öz hatynda bu ofiseriň özüni 3-nji maýda zorlanandygyny, jynsy süteme we kemsitmä sezewar edendigini tassyklaýar.

Bu habar Hindistanda Türkmenistanyň dört raýatynyň 4,4 kg möçberinde bikanun altyn söwdasynda tutulandygy barada ýaýran maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanly raýatlar Hindisatndan başga Belarus, Azerbaýjan ýaly ozalky sowet respublikalarynda hem altyn gaçakçylygynda tutuldy.

Ýerli synçylar Türkmenistanda walýuta söwdasyna girizilen çäklendirmeleriň ownuk telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlary barha kän altyn gaçakçylygyna ýüz urmaga itekleýändigini aýdýarlar.

Ekspertleriň pikiriçe, gaza baý Türkmenistan soňky ýyllarda öz iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär we bu ýagdaý ilat arasynda maşgala eklemek üçin her hili töwekgelçiliklere baş goşýan raýatlaryň köpelmegine alyp gelýär.

Türkmen metbugaty ýurt raýatlarynyň ykdysady kynçylyklar, işsizlik zerarly daşary ýurtlarda düşýän aýgyr ýagdaýlary barada hiç bir maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG