Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda çagalaryň arasynda neşekeşlik köpelýär


Neşekeş adamlar neşe çekýärler, Kabul, 16-njy aprel, 2019
Neşekeş adamlar neşe çekýärler, Kabul, 16-njy aprel, 2019

Häzirki wagtda Owganystanda neşe önümi ummasyz mukdarda öndürilýär. Dünýäde sarp edilýän neşe maddalarynyň 90%-e golaýynyň Owganystanda öndürilýändigini BMG-niň Halkara jenaýatçylyga we neşe maddalaryna garşy göreş boýunça edarasy habar berýär. Owganystanyň neşä garşy göreş boýunça edarasy ýurtda neşekeşligiň, şol sanda çagalaryň arasynda neşekeşligiň köpelendigini mälim etdi. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady habar berýär.

Owganystanda öndürilýän neşe maddalarynyň ýurduň öz içinde-de kynçylyga alyp barýandygyny ýurduň neşelere garşy göreş boýunça edarasy mälim edýär. Owganystanda neşekeşleriň sanynyň barha artýandygy barada maglumatlar berilýär.

Aýal-gyzlar hem çagalar neşe belasyna uçrapdyrlar. Paýtagt Kabulyň bir keselhanasynda onlarça çaga öz ata-eneleri bilen bilelikde neşekeşlikden gutulmak üçin bejergi alýarlar. Bu çagalaryň ata-eneleri neşekeş bolupdyr. Çagalar ata-eneleriniň ýanynda onuň ysyndan hem täsirinden neşe belasyna ýolugypdyrlar.

Şolardan birisi hem 11 ýaşyndaky Nergisdir. Nergisiň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, onuň ata-enesi neşekeş eken. Nergis olaryň ýanynda neşäniň ysyny alyp, ol bela uçrapdyr.

– Ejem bilen kakam neşe maddasyny ulanýardy, şonda onuň ysy tutuş öýe ýaýraýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan hossarlarym maňa-da neşe berip başladylar. Şeýdip neşä uçradym, häzir atam-enem bilen şu keselhanada neşäni terk etmek üçin bejergi alýarys – diýip, Nergis başyndan geçenleri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýüz orunlyk keselhanada Nergis bilen birlikde beýleki çagalar-da bejergi alýarlar hem şol wagtyň özünde tälim öwrenýärler.

Nergisiň ejesi Merwäniň aýtmagyna görä, onuň adamsy neşekeş bolupdyr.

- Şonuň ýanynda menem neşä baglandym. Soňra çagam hem neşä ýolukdy. Tapanjamyzy neşä berdik. Gedaýçylyga ýüz urduk. Soňunda bir garyndaşymyz bize arka çykyp, keselhana ýerleşdirdi - diýip, Merwe aýdýar.

Ata-eneleri neşekeş bolan çagalaryň soňlugy bilen neşe belasyna uçraýandygyny doktorlar aýdýarlar. Ýüz orunlyk keselhananyň jogapkär ýolbaşçysy Şaýeste hekimiň aýtmagyna görä, neşekeş aýallaryň hem erkekleriň keselhanada 45 günläp bejergi almaklary zerur saýylýar. Ýöne neşä ýolugan çagalara 15 gün bejergi berilýär. Olar ýaş bolandyklary üçin, 15 günüň içinde neşäniň täsiri çaganyň bedeninden çykýar diýip, lukman bildirdi.

Owgan türkmenleriniň arasynda hem neşekeşlik bar. Şol sanda neşe belasyna uçran aýal-gyzlara, hatda çagalara-da duş gelmek bolýar. 13 ýaşyndaky Abdul Halylyň ata-enesi neşekeş.

– Atam-enem neşe çekýär, onuň ysy maňa-da täsir edýär. Nähilidir bir kesellesem, olar maňa-da neşe berýärler. Men olara “Neşäni terk ediň” diýip aýdýaryn, emma olar neşäni terk edip bilmeýärler. Gaýta “maňa akyl berme” diýýärler – diýip, Abdyl Halyl aglap aýdýar.

Demirgazyk Owganystanda öňler göknar öndürilmeýärdi, ýöne soňky ýyllarda Demirgazyk Owganystanda, ýagny türkmenleriň arasynda hem göknar önümi artyp başlady. Yryma eýerip öň ajy önümleri ekmeýän türkmenlerem indi az-kem göknar ekýärler.

Neşe maddalarynyň bökdençsiz hem elýeterli bolandygy sebäpli Owganystanda neşekeşleriň sany barha köpelýär. Owganystanda neşe önümleriniň hem neşekeşligiň öňüni almak hökümete başartmaýar diýip bilermenler aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG