Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň ýaýramagynyň fonunda, Türkmenistan Owganystan bilen döwlet serhedini gaýtadan "açýar"


Türkmenistanyň döwlet serhet geçelgeleriniň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Türkmenistanyň döwlet serhet geçelgeleriniň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Dünýäde koronawirusyň ýaýramagynyň fonunda, Türkmenistan söwda dolanyşygyny gaýtadan ýola goýmak maksady bilen, Owganystan bilen aradaky döwlet serhedini täzeden açýar. Bu barada Owganystanyň media serişdeleri habar berýärler.

Ýatlatsak, COVID-19 keseleniň Türkmenistana ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen baglylykda, fewralyň soňky ongünlüginde Türkmenistan goňşy Owganystan bilen aradaky döwlet serhet geçelgelerini ýapypdy.

Etialaatroz.com neşiriniň 15-nji martda çap eden maglumatyna görä, Owganystanyň söwda we maýa goýum palatalary serhediň gaýtadan açylýandygy we söwda dolanşygynyň öňküsi ýaly ýola goýulýandygy barada beýanat ýaýratdy.

“Bu Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatalarynyň hem-de Türkmenistanyň Transport ministrliginiň tagallalary esasynda amala aşyryldy. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhet geçelgeleri öňküsi ýaly görnüşde öz işine başlaýar” diýip, neşir 15-nji martda çap edilen beýanaty sitirledi. Ýöne habarda türkmen-owgan serhediniň haçan açyljakdygy barada takyk bir zat aýdylmaýar.

Bu barada Twitterde özüni owganystanly žurnalist diýip tanyşdyran Hafiz Hamim hem öz sahypasynda tweet çap etdi.

Hamimiň 15-nji martda giçlik çap eden tweetinde şeýle diýilýär: “#Owganystanyň söwda we maýa goýum palatalary azyk we ýangyç import etmek üçin #Türkmenistan bilen serhedi açmak barada üstünlikli gepleşik geçirdi. Mundan öň serhet #COVID-19 ýaýramagy bilen bagly gorkular sebäpli ýapylypdy. Bu #Owganystanyň bazarlaryna täsir ýetiripdi”.

Azatlyk Radiosyna bu habary degişli türkmen resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň resmi websaýtlarynda-da häzirlikçe habar ýa-da beýanat göze ilmeýär.

Bellemeli ýeri, türkmen-owgan serhediniň gaýtadan açylýandygy we söwda dolanşygynyň öňküsi ýaly ýola goýulýandygy baradaky habar, Owganystanda koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň 16 adama ýeten mahalyna gabat geldi.

“Häzirki wagtda Herat, Samangan, Balh, Daikundi we Kapisa welaýatlarynda koronawirusa ýolugan 16 adamyň hasaba alnandygy tassyklandy” diýlip, owgan neşiriniň habarynda aýdylýar.

25-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýaýraýan koronawirus keselini ilkinji gezek resmi derejede agzady we ýurtda bu wirus bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny mälim etdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, Türkmenistan fewral aýynyň başynda Özbegistan we şol aýyň soňky ongünlüginde Eýran hem-de Owganystan bilen serhetlerini ýapdy. 2-nji martda bolsa, ýurduň ýeke-täk deňiz portunyň ýapylandygy mälim boldy.

Türkmenistan koronowirus bilen bagly görlen anyk çäreler, daşary ýurtdan gelen adamlaryň saglyk barlagy we karantin astyna alnan raýatlar barada resmi maglumat çap etmeýär.

Azatlyk Radiosy bu barada düşündiriş sorap, 15-nji martda Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugyna telefon etdi. Emma bu döwlet gullugynyň telefonda gürleşen wekili radionyň diňleýjilerine düşündiriş bermekden saklandy we "bagyşlaweriň" diýip, telefon trubkasyny goýdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG