Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident koronowirusy agzaman, onuň öňünde 'mukaddes' ýüzärlik bilen durmaga çagyrýar 


G. Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby
G. Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby

Türkmen hökümetiniň nobatdaky mejlisinde, dünýäniň koronowirus aladalarynyň fonunda, ýüzärlik tütetmegiň, burçly unaş içmegiň ýokanç kesellerden goranmakdaky aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Ýüzärligiň ähmiýeti barada gürrüň edilen wideoşekilli mejlis Hytaýdan uç alan we global pandemiýa öwrülen koronowirusyň goňşy Gazagystanda dört adama ýokuşandygynyň tassyk edilen gününe, Türkmenistanyň uçar gatnawlarynyň doly diýen ýaly ýatyrylýan wagtyna gabat geldi.

Şu aralykda, hökümetçi "Türkmenportal" neşiri ýüzärlik hakynda maglumat berýän ýörite makala çap etdi.

"Demgysmada üzärligiň 5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp, suwuny içmeli..." diýip, neşir ýüzärlik dänesi bilen dem alyş ýollarynda dörän näsaglygyň arasynda baglanyşyk gurmaga çalyşýar.

Türkmenistan sebitde täze wirus bilen baglylykda goňşy ýurtlar bilen serhet gatnawlaryny ýapan, uçar gatnawlaryny derhal çäklendiren ilkinji ýurtlaryň biri boldy we ýurtda koronowirus ýokuşan adamlaryň bardygy hakynda syzyp çykan maglumatlary ret edýär.


Koronowirusyň adyny agzamazdan geçirilen mejlis prezidentiň Lebap welaýatyna eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, bu sebit Hytaýdan ewakuasiýa edilen türkmen studentleriniň we beýleki raýatlaryň saglyk barlagyndan geçirilýän ýerine öwrüldi, Aşgabada gonmaly uçarlar hem Türkmenabatda gonduryldy.

Emma resmi habarlarda hökümetiň ilatyň saglygyny goramak üçin görýän anyk çäreleri barada suwytly maglumat berilmeýär.

Ýene bir bellemeli ýagdaý, hökümet mejlisinde häzirki saglyk aladalary, şol sanda prezidentiň lukmançylyk edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky tabşyryklary hem birinji orundaky däl-de, dördünji-bäşinji orundaky mesele hökmünde habar berildi.

Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar.”
TDH


Şeýle-de, ýagdaýyň çynlakaýdygyny gytaklaýyn tassyklap, Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkara lukmançylyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakyndaky” karara gol çekdi.

Onuň pikiriçe, “lukmançylyk bejergisiniň iň kämil usullaryny özünde jemleýän we häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň netijeli işi” adamlaryň saglygyny goramagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Emma muňa garamazdan, täze gol çekilen karar bilen baglylykda, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin nähili anyk çäreleriň görülýändigi aýdyň bolman galýar.


Şol bir wagtda, resmi habarlarda häzirki şertlerde ýüzärlik, gyzyl burç we unaş “emleriniň” ilki anyk haýsy resmi tarapyndan öňe çykarylandygyaýdyň bolmady.

TDH-nyň “Türkmenistanyň Altyn asyr” saýtynda çap eden türkmençe maglumatynda ýüzärligň ähmiýeti baradaky meselesaglyk ministri N.Amannepesow tarapyndan gozgalsa, “Turkmenistan Segodnýa” saýtynda rus dilinde çap eden maglumatynda bu mesele prezident Berdimuhamedow tarapyndan öňe çykarylýar.

13-nji martdaky mejlisde aýdylmagyna görä, Halkara saglygy goraýyş anyklaýyş, Halkara iç keselleri hem-de Halkara “Ene mähri” merkezleri üçin zerur lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigi geçirildi we “belli daşary ýurt kompaniýalaryndan ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler” satyn alnar.

Döwrebap lukmançylyk çäreleri barada berilýän umumy maglumatlardan tapawutlylykda, hökümet maslahatynda G. Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda “aýratyn orun berlen... ýüzärligiň” “ähmiýeti” hakynda has kän gürrüň edilene meňzeýär.


Saglyk ministriniň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, ýüzärlik “birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde belli” bolmak bilen, “häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar”.

Prezidentiň ýa-da saglyk ministrliginiň ynandyrmagyna görä, döwlet baştutanynyň kitabynda “ýüzärligiň peýdalanylyşy, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary hakynda” anyk maglumat berilýär.

Türkmençilikden belli bolşuna görä, il içinde ýüzärligi öýde çogdamlap asyp goýmak, wagtal-wagtal tütetmek däbi saklanyp galýar. Şu däp bilen baglylykda, prezident ýa-da ministr ýüzärligiň ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýokuşmagynyň öňüni alandygyny aýdýar, emma anyk mysal getirmeýär.

Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar” diýip, habarda aýdylýar.

Ýöne mejlisde türkmen däp-dessurlary, halk tebipçiligi bilen täze ýaýran koronowirusdan goranmagyň arasynda nähili baglanyşygyň bardygy anyk düşündirilmeýär.

Ýüzärlikden başga, Berdimuhamedowyň kitabynda “burç ösümliginiň peýdasy hakynda hem giň” maglumat berlendigi habar berilýär.

Netijede, mejlise gatnaşanlar “Watan” habarlaryny diňlänler “burçuň halk lukmançylygynda örän köp keselleri bejermekde derman ýa-da dep ediji serişdelere goşundy hökmünde ulanylýandygy”, burçuň “ylmy lukmançylykda hem giňden ulanylýandygy”, dümewlän adama burçlanan unaşyň peýdalydygy, onuň sowuklamanyň öňüni alýandygy” hakynda berlen gürrüňleri diňlediler.


Berdimuhamedowyň sözlerine görä, türkmenleriň ata-babalary “dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdir”, ol ýüzärligi “mukaddes ösümlik” atlandyrmak bilen, ony tütetmek dessurynyň “häzirki zamanyň ruhuna laýyk dowam etdirilmeginden” kanagatlanýandygyny aýdýar.

Şunuň bilen baglylykda, Berdimuhamedow “ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip”, wise-premýer P.Agamyradowa we ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.

Şu aralykda, ýurt içinden gowşan habara görä, "Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlaryny ýatyrdy.

"Şu gün Aşgabatdaky agentlige bardym, Pitere biledim bardy, "gatnaw ýatyryldy" diýdiler" diýip, ýerli çeşme habar berdi. Şeýle-de ol, puluny yzyna alyp bilmändigini, kassada puluň ýokdugyny, ýolagçylara puluň haçan boljagynyň aýdylmaýandygyny habar berdi.

"Garaşyň, bilet satsak, kassada pul bolar, şonda puluňyzy yzyna bereris" diýýärler. Eger-de uçarlary hiç ýere uçmasa, olar haçan bilet satar, "pulumyzy alyp bilermikäk?" diýip, adamlar alada edýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Habarly çeşmäniň maglumatyna görä, häkimiýetler indiki hepde welaýatlar arasyndaky uçar gatnawlaryny hem ýatyrmagyň pikirini edýärler.

Ýerli synçylar soňky onýyllyklarda Türkmenistanda mekdeplerde, ÝOJ-larda berilýän bilim-düşünjäniň derejesiniň örän pese gaçandygyny, halk içinde, şol sanda ýokary derejeli resmileriň, medeniýet, magaryf işgärleriniň arasynda hem dürli yrymlara, palçylara we tebiplere ynanmagyň, köne çarwaçylyk däplerine ýykgyn etmegiň görülmedik derejede artandygyny aýdýarlar.


Şeýle-de, bir tarapdan ykdysady krizis, saglyk hyzmatlarynyň, dermanlaryň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy, ikinji tarapdan, ýurt içindäki saglyk hyzmatlarynyň hiliniň peselmegi bilen, barha kän türkmenistanlynyň daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gitmäge çalyşýandygy habar berilýär.

Synçylaryň köpüsiniň tassyklmagyna görä, ýurduň bilim we saglygy saklaýyş pudaklarynda çuň ornan korrupsiýa bilen baglylykda, saglyk edaralarynda daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap enjamlary dogry we ýerlikli ulanyp bilýän hünärmenler azalýar, näsaglara ýalňyş diagnoz goýýan lukmanlar-da bar, işini gowy bilýbän lukmanlar bolsa, iş şertleriniň ýaramazlygy, aýlyklaryň azlygy sebäpli, daşary ýurtlara gitmäge barha kän ýykgyn edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG