Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli alymlar we kanunçylar 'konstitusion öwrülişige' garşy çykýarlar


Rugsatsyz geçirilýän ýörişiň gatnaşyjysy "Putiniň häkimiýeti eýelemegine men garşy" ýazgyly şygary tutup dur, Sankt Peterburg, 15-nji mart, 2020
Rugsatsyz geçirilýän ýörişiň gatnaşyjysy "Putiniň häkimiýeti eýelemegine men garşy" ýazgyly şygary tutup dur, Sankt Peterburg, 15-nji mart, 2020

Orsýetiň konstitusion sudunyň beýleki üýtgeşikler bilen bir hatarda prezident Wladimir Putiniň bu wezipede ýene iki gezek galmagyna ýol açýan goşmaçalary tassyklamagynyň yzýany, ýüzlerçe alym, žurnalist we kanunçy "konstitusion krizis we kanuny galplaşdyrýan, konstitusiýa ters gelýän agdarylyşyk" baradaky duýduryşlar bilen çykyş etdiler.

Suduň 16-njy martda Putiniň konstitusiýa üýtgeşiklik girizmek hukugyny tassyklamagynyň birnäçe sagat öňüsyrasynda "Eho Moskwy" radiostansiýasynyň çap eden açyk hatyna 420-den gowrak adam gol çekdi.

Suduň tassyklanan karary başda Orsýetiň regional kanun çykaryjy organlary, iki öýli prlament we Putiniň özi tarapyndan makullandy. Kararyň kanuna öwrülmegi üçin onuň ählihalk referendumda tassyklanmagy gerek.

Alymlaryň, žurnalistleriň we kanunçylaryň gol çeken açyk hatynda konstitusiýa girizilýän goşmaçalaryň Orsýetiň häzirki prezidentiniň häkimiýet başynda bolan möhletlerini hasapdan aýyrýandygy, şeýlelikde Putiniň prezidentlik wezipesine ilkinji gezek ýaly dalaş etmäge täze tapgyr açýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG