Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Gyrgyzstan ilkinji üç wirus ýokuşany tassyklady; 7 müň rumyniýaly serhetde galdy


Rumyniýa. Jemgyýetçilik transportynyň işgäri dezinfeksiýa çärelerini görýär.

Global koronawirus pandemiýasy dünýä boýunça 200 müňe golaý adama ýokuşdy, AÝ/AR onuň öz gepleşik berýän sebitlerine ýaýraýşyna syn etdi.

Rumyniýa/Wengriýa

Günbatar Ýewropadan dolanyp gelýän müňlerçe işçi, uzak gije Awstriýada polsiýa gözegçiligi astynda ugradylyp, öten agşam Wengriýanyň Rumyniýa bilen araçägine geldi.

7 müň çemesi rumyniýaly, Budapeşt wirus ýaýramagyny haýllatmak üçin serhet geçelgesini ýapansoň, tas 24 sagatlap Awstriýa bilen Wengriýanyň serhedinde saklandy.

Gijä galan rumyniýalylaryň köpüsi Italiýadan we Ispaniýadan, dünýäde wirusyň ikinji we dördünji derejede agyr täsir ýetiren ýurtlaryndan dolanyp gelýär.

Rumyn mediasy 18-nji martda, ir sagatlarda, wenger hökümeti ýapan serhedini "ynsanperwerlik koridory" üçin açmaga razy bolandan soň, 800-den gowrak awtoulagyň Nagylak-Nadlac serhet geçelgesine gelendigini habar berdi.

Wengriýa 17-nji martda bu wirusyň 50 adama ýokuşandygyny, ondan bir adamyň ölendigini tassyklady.

Rumyniýa 18-nji martda ýene 29 adama wirus ýokuşandygyny tassyklap, bu dertden hassalanlaryň sanynyň jemi 246 adam bolandygyny, 19 adamyň ondan gutulandygyny aýtdy. Bu ýurtda koronowirusdan ölen bolmady.

Bolgariýa

Bolgariýa maliýe defisitine girendigini yglan etse, Ukraina Halkara walýuta gaznasyndan soraýan 5,5 milliard dollaryndan başga, ýene-de karz almaga çalyşýandygyny aýtdy.

ÝB-niň iň garyp, ýöne iň az bergili ýurdy bolan Bolgariýada tassyklanan wirus hadysalary 17-nji martda 30% ýokarlanyp, kesel ýokuşanlaryň sany 81-e bardy. Sofiýada hökümet 13-nji aprele çenli daşary ýurt we içerki dynç alyş saparlaryny gadagan etdi.

Kosowa

Kosowanyň prezidenti Haşim Thaci ýurduň parlamentinden adatdan daşary ýagdaý yglan edilmegini sorady, bu baradaky kanuna ses bermek 48 sagat içinde geçirlmeli.

Balkan ýurdunda bu wirusyň 19 adama ýokuşandygy tassyklandy we ähli mekdep, serhet geçelgeleri, naharhanalar ýapyldy, uçar gatnawlary ýatyryldy, emma azyk dükanlary we dermanhanalar açyk galýar.

Bosniýa-Herzegowina

Bosniýa-Herzegowina öz iki awtonom regionyndaky saglyk tagallalaryny utgaşdyrmak üçin adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Premýer-ministr Zoran Tegeltija žurnalistlere "Biz ähli tarapdan koronawirus netijelerini nädip azaltmalydygyna ünsi jemleýäris" diýdi.

Gyrgyzystan

Gyrgyzystan özüniň ilkinji üç koronowirus hadysasyny tassyk etdi, ol adamlar Saud Arabystanyndan dolanyp gelen syýhatçylar bolup çykdy.


Gyrgyz saglyk ministri Kosmosbek Çolponbaýew 18-nji martda üç gyrgyz raýatynyň wirus barlagynda oňyn netije görkezendigini, olaryň Jalalabat regionynyň Suzak etrabyndan bolandygyny aýtdy.

70, 62 we 43 ýaşyndaky syýahatçylar ýurda 12-nji martda dolanyp gelipdirler diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Häkimiýetler bu etrapdaky Blagoweşçenka, Boston we Orta-Aziýa obalarynyň daşynyň baglandndygyny we olaryň golaýynda 19 sany barlag nokadynyň döredilendigini aýtdylar.

Daşary işler ministriniň orunbasary Nurlan Abdrahmanow beýanat çap edip, 18-nji martda daşary ýurtlularyň ählisiniň ýurda girmeginiň gadagan edilendigini aýtdy.

Merkezi Aziýanyň beýleki ýerleri

Goňşy Gazagystanda Saglyk ministrligi 18-nji martda tassyklanan koronowirus hadysalarynyň, Almatyda ýene iki adamyň wirus barlagy pozitiw netije görkezdenden soň, 35-e ýetendigini aýtdy.


Gazagystan 15-nji aprele çenli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi, 19-njy martda bolsa esasy uly şäherler, paýtagt Nur-Soltan we Almaty ýapylmaly edildi.

Merkezi Aziýanyň ýene bir ýurdy bolan Özbegistan 18-nji martda tassyklanan koronowirus hadysalarynyň jemi 13 adam bolandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýada häzire çenli koronowirus hadysalary resmi taýdan tassyklanmadyk iki ýurt galdy, olar Täjigistan we Türkmenistan.

Şu aralykda, häkimiýetler Çehiýda koronowirusdan goranmak üçin zerur, emma has gymmat baha gözleýän kompaniýa tarapyndan daşaryk ugradylmakçy bolnan 700 müňe golaý ýüz maskasynyň tutulandygyny habar berdiler.

ÝB agzasy bolan ýurt 18-nji martda bu hassalyga uçranlaryň sanynyň 434 bolandygyny aýtdy.

Koronowirus dünýäde 8 müňe golaý adamyň öňümine sebäp boldy. ÝB liderleri 17-nji martda bileleşigiň daşarky serhetlerini 30 günlük ýapmak ylalaşygyna geldiler.

Girmek gadagnlygy döwründe ÝB-ä girmekçi bolýan adamlara "örän we örän çäklendirilen kadadan çykmalar" esasynda rugsat berler diýip, german kansleri Angela Merkel aýtdy.

Norwegiýa, Şweýsariýa, Islandiýa we Britaniýa hem giriş gadagnlygynda bir pikire geldi.

Häzir dünýäde koronowirusadan ölenleriň sanynyň üçden bir bölegi Italiýada bolup, olaryň sany 2503 adama ýetdi, wirus 27,980 adama ýokaşdy. Wirusyň iň köp adama ýokuşan dördünji ýurdy Ispaniýada 11178 hasaba alyndy we 491 adam wirusdan öldi.

Wirusyň dekabrda habar berlen ilkinji ýurdy bolan Hytaýda ondan ölenleriň sany 3241 adam boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG