Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ilkinji wirus näsagyny hasaba aldy, Gazagystan adatdan daşary ýagdaýda, Türkmenistan ýüzärlik tütedýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistan 15-nji mart güni irden, Fransiýadan dolanyp gelen özbek raýatyna, ilkinji özbegistanla COVID-19 hassalygynyň ýokuşandygyny tassyk etdi, goňşy Gazagystan bolsa, wirus ýokuşan adamlaryň ýene ikisini tassyklap, jemi koronowirus hassasy sekiz adam bolanyndan soň, şu gün adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Türkmenistan

Goňşy ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistan koronowirus gorkulary sebäpli görlen anyk çäreler, daşary ýurtdan gelen adamlaryň saglyk barlagy, karantin astyna alnan raýatlar barada resmi maglumat çap etmeýär.

Azatlyk radiosy bu barada düşündiriş sorap, Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugyna telefon etdi.

Emma bu döwlet gullugynyň telefonda gürleşen wekili radionyň diňleýjilerine düşündiriş bermekden saklandy we "bagyşlaweriň" diýip, telefon trubkasyny goýdy.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, 14-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Dabaranyň başynda binanyň eýwanynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi gurnaldy.

Sergide döwlet baştutanynyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň "aýratyn orun almagy bellärliklidir, bu kitabyň birinji jildinde ýüzärligiň hem-de burçuň peýdalanylyşy... hakynda maglumat berilýär" diýip, DIM ýazýar.

Şu aralykda türkmen hökümetine tarapdar "Orient" neşiri maslahatyň geçirilen ýerinde, "Ýyldyz" myhmanhanasynyň otaglarynda we maslahat zalynda ýüzärlik tütedilendigini habar berdi.

Hytaýda dörän wirus sebäpli derrew serhetlerini berkiden Türkmenistanda ýüzärlik koronowirus gorkularyny basmak üçin ulanylýan esasy serişdä öwrülene meňzeýär.


Türkmen hökümetiniň 13-nji martda geçirilen nobatdaky mejlisinde ýüzärlik tütetmegiň, burçly unaş içmegiň ýokanç kesellerden goranmakdaky aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Sebitdäki goňşy ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistan öz raýatlarynyň arasynda koronowirus ýokuşan adamlaryň bardygy hakynda çykan maglumatlary umumylykda ret edýär.

Gazagystan we Özbegistan

Gazagystan 14-nji martda COVID-19 keseline ýoluganlaryň sanynyň, daşary ýurtdan gelenleriň arasynda täze iki wirus ýokuşanyň ýüze çykarylmagy bilen, 6 adama ýetendigini aýdypdy.

Wirus ýokuşan näsaglaryň biri Moskwadan ýurduň ikinji uly şäherine, Almata uçup geldi diýip, resmiler aýtdylar.

Beýleki näsag, aýal adam bolsa paýtagt Nur-Soltana, Polşanyň paýtagty Warşawadan uçup geldi.

Gazagystan Özbegistan bilen bilelikde, sowetlerden soňky Merekezi Aziýanyň bäş respublikasynyň arasynda dünýäniň 135 ýurdunda 150 müňden gowrak adama ýokuşan, 5700-den gorwak adamy öldüren global pandemiýanyň çäginde, özlerinde koronowirus ýokuşan adamlaryň bardygyny resmi taýdan tassyklan iki ýurdyň biri bolup durýar.

Özbegistan 15-nji mart güni irden özüniň ilkinji wirus ýokuşan raýatyny hasaba alandygyny, onuň Fransiýadan dolanyp gelen özbegistanlydygyny aýtdy.

Şu aralykda, Özbegistan Fransiýa, Ispaniýa, Britaniýa bilen aradaky uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdýandygyny yglan etdi. Koronowirusyň ýaýramgynyň öňüni almak üçin görülýän çäre 14-nji martdan güýje girdi.

Mundan öň Özbegistan Eýran, Ýaponiýa, Owganystan we Italiýa bilen aradaky uçar gatnawlaryny wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi, Günorta Koreýa bilen aradaky uçar gatnawlaryny azaltdy.

Şeýle-de, Özbegistanyň DIM-i ýurt raýatlaryna Hindistana we Taýlanda syýahat etmekden saklanmagy maslahat berdi.

Gazagystan, 13-nji martdaky tassyklamadan ozal, koronowirus ýokuşmalaryndan azat ýurt diýlip hasaplanýardy.

Gazagysatnda COVID-19 hassalaygyna uçran alty näsagyň dördüsi Almatyda bejeriş alýar, beýleki ikisi Nur-Soltanda bejergi alýar diýip, ministrlik aýtdy.


Gazagystan öňde duran Nowruz baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralary we Ikinji Jahan urşunda nasist Germaniýadan üstün çykylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli guraljak harby parady goýbolsun edýändigini bireýýäm habar berdi.

Resmiler häzir 1 müňden gowrak adamyň karantin astynda saklanylýandygyny we 500-e golaý adamyň öýlerinde özlerini karantin astyna salandygyny aýtdy.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan geçen ýylyň ahyrynda ýaýrap başlan koronawirus aladalary bilen baglylykda ýakyndaky Hytaýdan gelýän syýahatçylary berk çäklendirmek üçin çalasyn çäreleri gördi.


Eýran, Azerbaýjan, Owganystan

Soňky maglumatlara görä, Türkmenistan bilen uzak araçägi bolan Eýranda koronowirus ýokuşan adamlaryň ýene 97 sanysy wepat boldy.

Ýurtda aldajy ýokanç keselden ölenleriň umumy sany 611-e ýetdi diýip, döwlet telewideniýesi 14-nji martda aýtdy.

Saglyk ministrliginiň resmilerine salgylanmak bilen, Eýran TW-si Ýakyn Gündogarda global pandemiýanyň iň agyr zarba uran ýurdunda wirus ýokuşanlaryň jemi 12,729 sanysynyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, tankytçylar hökümetiň bu meseledäki açyk-aýdyňlygyny sorag astyna alyp, wirus ýokuşanlaryň sanynyň hakykatda has kän bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

Azerbaýjan öz ilkinji COVID-19 ölümini 12-nji martda hasaba aldy.

Türkmenistan bilen Hazar deňzi arkaly araçäkleşýän ýurt şu wagta çenli wirusyň 19 adama ýokuşandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ýene bir goňşusy Owganystanda hem koronowirusyň ýaýramagy dowam edýär. Biz bu barada soňky maglumatlary almak üçin ol ýerdäki habarçymyz Şaýmerdanguly Myrady bilen söhbetdeş bolduk.

Owganystanda koronowirusyň 16 adama ýokusandygy aýdylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:41 0:00


XS
SM
MD
LG