Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa koronowirus ýaýramagyny haýallatmak üçin goşmaça çäreleri görýär


19-njy martda Gazagystanyň Nur-Soltan we Almaty şäherleriniň daşy baglandy.
19-njy martda Gazagystanyň Nur-Soltan we Almaty şäherleriniň daşy baglandy.

Özbegistanyň Transport ministrligi Telegram kanalynda halkara ýerüsti we howa ýolagçy gatnawynyň 20-nji martdan başlap 40 günlük togtadylandygyny aýtdy.

Bu düzgünleşdirme ýük gatnawlaryna täsir ýetirmeýär.

Şeýle-de, Özbegistandaky döwlet eýeçiligindäki media prezident Şawkat Mirziýoýewiň 1 milliard dollara barabar krizise garşy gazna döretmek baradaky karara gol çekendigini, bu serişdäniň koronowirusyň täsirlerini peseltmäge gönükdiriljekdigini habar berýär.

Özbegistan Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy bolup, bu ýerde 32 million adam ýaşaýar.

Goňşy Gazagystanda 20-njy martda ýene-de 5 adama wirusyň ýokuşandygy tassyklandy. Netijede, Gazagystanda tassyklanan wirus ýokuşanlaryň sany 49 boldy.

19-njy martda Gazagystanyň Nur-Soltan we Almaty şäherleriniň daşy baglandy, howpsuzlyk güýçleri we harby işgärler iki şäheriň içindäki we töwregindäki uly ýollary ýapdylar.

Gyrgyzystan günortadaky Nookat etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi, 20-nji martda bu ýerde ýene üç adama wirusyň ýokuşandygy tassyklandy. Netijede, bu ýurtda wirus ýokuşanlaryň jemi sany 6 boldy.

Biraz öň häkimiýetler Suzak etrabynda hem adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler, bu ýerde 3 erkek wirus barlagynda oňyn netije görkezdi.

Bu üç adamyň ählisi golaýda Gyrgyzystana Saud Arabystanyndan dolanyp geldi.

Täjigistan 20-nji martda halkara uçar gatnawlarynyň ählisini togtatdy, bu ýurtda tassyklanan wirus ýokuşan adam ýok.

Azatlygyň habarçylary 19-njy martda türkmen paýtagtynyň daşynyň baglanandygyny, şähere girmegi düzgünleşdirmek üçin barlag nokatlarynyň gurlandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG