Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenhowaýollarynyň" uçaryndan düşürilen etniki türkmenler özlerine keseki ýaly çemeleşilendigini aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus sebäpli girizen çäklendirmeleriniň fonunda, mundan bir aý çemesi ozal 10-dan gowrak etniki türkmen Stambuldan Türkmenistana uçjak wagty uçardan düşürildi. Türkmenistanda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamasy bolan bu türkmenleriň aýtmagyna görä, "Türkmehowaýollary" kompaniýasynyň işgärleri munuň sebäplerini olarda türkmen raýatlygynyň ýokdugy bilen düşündirdiler. Stambula wagtlaýyn gezmäne gelen türkmenler 25 ýyl bäri Türkmenistanda ýaşaýandyklaryny belläp, özlerine keseki ýaly çemeleşilendigini aýdýarlar​.

Onlarça ýyl bäri Türkmenistanda ýaşaýan, emma türkmen raýatlygyny alyp bilmedik asly owganystanly we eýranly etniki türkmenleriň azyndan ýedi sanysynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, geçen aýyň ahyrynda olar Stambuldan Turkmenistana uçjak wagty duýdansyz uçardan düşürildi.

"Bizi ilki regirstrasiýadan geçirdiler. Hiç zat diýmediler. Uçara münenimizden bir salym soň, "Türkmenhowaýolllarynyň" uçarynda işleýänler käbir ýolagçylaryň ýanyna gelip, pasportlaryny barlap başladylar. Bize, kakama, gyz jigime we maňa, "siz Türkmenistanyň raýaty däl. Siz uçardan düşmeli" diýdiler. Biz sebäbini soranymda "Häzir wirus sebäpli diňe Türkmenistanyň raýatlaryny uçara alýarys" diýdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan etniki türkmen gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, olar özlerinde Türkmenistanda hemişelik ýaşamaga ygtyýarnamanyň bardygyny aýdyp, öýlerine barýandyklaryny düşündirmäge synanyşanda, uçardaky işgärler olara "wirus wakasy köşeşsin, soňra Türkmenistana gelersiňiz" diýip jogap beripdirler.

"Biz hiç zat edip bilmedik. Häzirki wagt biziň maşgalamyzyň ýarysy, ejem, oglan doganlarym Türkmenistanda, biz Stambulda galdyk" diýip, etniki türkmen gürrüň berdi.

Şol güni uçardan düşürilen ýene bir maşgala özleriniň 25 ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda ýaşaýandygyny aýdyp, näme sebäpden özlerine keseki adam ýaly çemeleşilenine düşünmeýändigini belledi.

"Biziň öýümiz, işimiz, çagalarymyzyň okuwy, hemme zadymyz Türkmenistanda bolsa-da, bizi öýümize goýbermediler. Türkiyede-de ýagdaý öwerlikli däl. Üstesine-de, biz häzir goşmaça çykdajy edip, jaý kireýine alyp, bärde galýarys. Muňa haçana çenli maddy güýjümiz ýeter belli däl. Biletlerimiziň puluny hem yzyna gaýdyp bermediler" diýip, dört adamdan ybarat maşgalanyň bir agzasy gizlinlik şertinde Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol şol güni şu sebäpler esasynda başga-da 10-dan gowrak ýolagçynyň uçardan düşürilendigini hem belledi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän etniki türkmenleriň şahsyýetleri we bu wakanyň takyk haçan bolandygy barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary "Türkmenhowaýolllary" kompaniýasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Bu waka Türkmenistanda koronawirusa garşy görülýän çäreler güýçlendirlip, ýurduň guryýer we deňiz serhetleriniň ýapylmagynyň, uçar gatnawlarynyň çürt-kesik çäklendirilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG