Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan dymýar we koronawirusa garşy göreşýär


Azyk dükanynyň öňünde duran çagalar
Azyk dükanynyň öňünde duran çagalar

Ýapyk serhetler, uçar gatnawynyň ýatyrylmagy, paýtagtyň ýapylmagy, jemgyýetçilik ýerlerinde dezinfeksiýa çäreleri, köpçülikleýin gyzgyn barlaglary, karantin we boş dükan tekjeleri. Bu Türkmenistana degişli ýagdaý. Emma şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçirýän beýleki dünýä ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistanda şeýle çäreler häkimiýetleriň we habar beriş serişdeleriň doly dymmagynda amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky habarçylary ýurtda bolup geçýän häzirki ýagdaýlar barada 24 marda şeýle habar berdiler:

- Aşgabadyň gündogar tarapynda şähere girilip-çykylýan ýerlerde awtoulaglaryň dyklyşygy döredi, adamlaryň gyzgynyny barlaýarlar, häzirlikçe saýlap barlaýarlar. Şähere diňe Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryny, golaýda ýerleşýän Gäwers we Ýaşlyk ýaly obalaryň we şäherleriň ilatyny salýarlar. Gyzgyn bolan adamlary karantine ugradýarlar, edil şu ýagdaýda nirä iberilýändigini men bilemok.

- Daşoguz -Aşgabat uçarynda ýolagçylaryň ellerine gyzgylt reňkli bir suwuklyk sepdiler, onuň ysy ýokdy, ol hloram däl, spirtem.

- Daşoguzda tiz kömek işgärlerine maska dakynmagy rugsat berdiler we hatda olara paýlaýarlar.

- Aşgabatda halkara reýslerinde işlän işgärleri aýlyksyz dynç alyşa ugratdylar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýaýramazlygy üçin alyp barýan çäreleriniň çäginde ýurduň içinde ilatyň hereketini çäklendirdiler. 19-njy martda paýtagt ýapyldy, 20-nji martda welaýatlaryň arasyndaky gatnaw näbelli bir wagtlyk çäklendirildi.

Emma ýurduň häkimiýetleri özleriniň bu çärelerini ilata habar bermän alyp barýarlar we umuman koronawirusda degişli ýurduň içindäki we dünýädäki ýagdaýlar barada öz halkyna habar bermekden saklanýarlar.

Şol bir wagtda-da, koronawirusa garşy çäreleriň berjaý edilişine howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri gözegçilik edýärler.

Häzirki wagtda kanikul sebäpli mekdeplerde okuw ýok. Emma çagalar baglary işleýär. Körpeleriň çagalar baglaryna gatnawyna berk gözegçilik edilýär. Çaganyň gelmedik halatlarynyň saglyk hakyndaky kepilnamalar bilen subut edilmegi talap edilýär.

Regionlaryň köpüsinde medisina maskalary dakmak gadagan edilýär. Şu günki gün paýtagtda, ýurduň beýleki künjeklerinde medisina maskalaryny dakýan adamlar tas ýok diýen ýaly.

Ýurtda häkimiýetleriň koronawirusa garşy saýlap alan göreş usullarynyň biri üzärlik tütetmekdir. Käri boýunça lukman preziden Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10 gün mundan öň beren rekomendasiýasyndan soň üzärlik tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin tütedilip başlandy. Dessine üzärligiň bahasy ençeme esse ýokarlandy.

- Üzärlik esli gymmatlady. Öň onuň uly bir dessesi 2 manada durýardy, indi bolsa kiçijik bir dessesini 10 manada satýarlar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 24-nji martda gürrüň berdi.

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreler bilen bir wagtda azyk önümleriniň hem arassaçylyk serişdeleriniň gymmatlamagy dowam edýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, paýtagtda hususy söwda nokatlarynda azyk önümleri bar, emma gymmatlaýar.

- Kelemiň bahasy 2 esse ýokarlandy 3 manatdan 6 manada ýetdi.

- Hlorly serişdeler "Barfatan" we beýlekiler 5 manatdan 7 manada çenli gymmatlady ähli ýerde.

- Başmarketde azyk önümleri bar - et, tüwi, makaron, gök-önüm, harytlaryň görnüşleri adatdakysy ýaly. Adam az, basa-baslyk ýok. Dükan TSTB bileleşigine degişli we onuň binasynda ýerleşýär.

Emma Azatlygyň beýleki regionlardaky habarçylary welaýatlarda azyk gytçylygynyň güýçlenýändigini, ilkinji nobatda unuň, ýagyň we ýumurtganyň tapdyrmaýandygyny habar berýärler.

Käbir ýerlerde adamalar un we ýag satyn almak üçin nobatlara öňünden ýazylýarlar. Döwlet dükanlarynda 800 adamlyk nobatlar döreýär. Döwlet nyrhyndan adam başyna her aý üçin çäkli satylýan uny ýanwar aýyndan bäri alyp bilmedik maşgalalar hem bar.

Türkmenistan özünde koronawirusyň ýokdugyny aýdýan sanlyja ýurtlaryň hatarynda galýar. Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirus ýokaşan we hatda ýokaşan bolmagy güman edilýän ýekeje adamyň ýokdugyny 5 martda yglan edipdi, şondan bäri bu meseleni agzamady.

24-nji marta çenli dünýäde koronawirusyň bardygy tassyklanan adamlaryň sany 350 müňden aşdy, 15 müňden gowrak adam ýogaldy. Dünýä ýurtlary howply wirusa we onuň ýaýramagyna garşy berk çäre görýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG