Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetabatda sähel dümew alamatlary ýüze çykan esgerler karantin astynda saklanýar


Lebapda harby kasam kabul edýän esgerler. Illýustrasiýa suraty.
Lebapda harby kasam kabul edýän esgerler. Illýustrasiýa suraty.

Koronawirus global pandemiýasy dünýä giňden ýaýraýan wagty, hem-de türkmen häkimiýetleriniň bu kesel bilen ýurtda hasaba alnanlaryň ýokdugyny öňe sürýän mahaly, Serhetabadyň harby bölümlerinde sähel dümew alamatlary bilen näsaglan harby gullukçylar, şol sanda çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleri karantin astynda saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy atlandyrylmazlyk şertinde habar berýär.

“Serhetabatda karantin babatyndaky karar, maňa mälim bolşuna görä, baryp 1,5-2 aý töweregi mundan ozal, ýanwaryň aýaklarynda, fewralyň başlarynda kabul edildi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, iň adaty üsgülewük ýa-da asgyrmaklyk harby gullukçylary karantin astyna almak üçin ýeterlik hasaplanýar.

“Häzir mesele şeýle bir derejä baryp ýetdi welin, çagyryş boýunça harby gullugyň esgerleri harby bölümiň çäginden daşary çykarylmaýar. Ol harby bölümde esasan daşoguzly we lebaply esgerler gulluk edýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda kanuda bellenen gulluk möhletini tamamlan çagyryş boýunça harby gullugyň esgerlerini goşundan boşatmaga hem-de nobatdaky çagyrylyş möwsümine 14-nji martda girişildi.

Karantin astynda saklanýan harby gullukçylaryň arasynda gulluk möhletini tamamlan esgerleriň bardygy ýa-da ýokdugy mälim däl. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, üzňelikde saklanýan esgerlere telefon arkaly hossarlaryny öz ýagdaýlaryndan habarly etmäge, şeýle-de özleriniň karantin astynda saklanýandyklaryny habar bermäge rugsat berilmleýär.

“Olary beýlekilerden üzňeleşdirip aýratyn rotalarda ýa-da harby bölümlerde saklaýarlar. Karantinadakylar öýlerine gaýtmak isleýär, ýöne özleriniň haçan goýberiljekdikleri barada soranlarynda olara “näbelli, ýöne basym” diýip jogap berilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy dümewlän harby gullukçylar bilen sähel aragatnaşykda bolan harbylaryň hem karantin astyna alynýandygyny aýtdy.

“Ýöne beýleki tarapdan, respirator keselleri bilen aragatnaşykda bolmadyk esgerleriň arasynda harby gullukdan boşadylanlar hem bar” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda dürli sebäplere görä harby gullukçylaryň häli-şindi gulluk ýerleri üýtgedilýär, olaryň bir garnizondan beýleki garnizona ugradylmagy adaty ýagdaýdyr. Habarçy käwagt harbylaryň Serhetabatdan beýleki regionlardaky harby bölümlere, ýa-da beýleki harby bölümlerden Serhetabatdaky harby bölümlere ugradylýandygy aýtdy:

“Ýöne häzir harbylaryň gulluk ýerleriniň üýtgedilmegi ýatyryldy. Diňe adatdan daşary ýagdaýlarda ugradylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, karantin astynda saklanýan esgerleriň ene-atalary alada edýär hem-de öz ogullarynyň ýagdaýlary barada diňe üzlem-saplam maglumat alyp bilýärler.

“Hatda esger öz janyna kast edeninde-de hiç kime hiç zat aýtmazlyk türkmen häkimiýetleri üçin adaty ýagdaý. Häzirki karantin ýagdaýy barada-da hiç zat aýdylmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler ýurduň hiç bir ýaşaýjysyna koronawirusyň ýokuşmandygyny aýdýar.

Hytaýda COVID-19-yň ýüze çykmagy bilen Türkmenistan fewralyň başynda öz raýatlaryny Hytaýdan ewakuasiýa etdi. Bu ýurtdan getirilen raýatlar Lebap welaýatynda ýerleşýän ýörite karantin lagerlerinde hem-de Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynda karantin astyna alyndy.

Türkmen hökümeti koronawirusy agzamazdan ýanwaryň aýagynda we fewral aýynda goňşy döwletler bilen guryýer döwlet serhet geçelgelerini ýapdy.

Ýöne ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda şu günler Nowruz baýramçylygy ýaly döwlet guramaçylygyndaky medeni çärelere býujet işgärleriniň mejbury çekilmegine dowam etdirilýär, çagalar baglary, mekdepler we ýokary okuw jaýlary koronawirus bilen baglanyşykly ýapylmady.

Döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri koronawirus keselinden goranmak barada lukmanlaryň ýa-da Bütindünýä Saglyk Guramasynyň yzygiderli maglumatlaryny ilata ýetirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG