Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbekler koronowirus sebäpli serhetlerini ýapýar, baş şäheriniň daşyny baglaýar


Koronowirus sebäpli ýurtlaryna uçup bilmedik özbegistanylara Domodedowa aerportunda mugt azyk berilýär.

Özbegistan öz serhetlerini 23-nji martda ýapdy we 24-nji martdan başlap Daşkendi, ýurduň baş şäherini töwerekleýin ýapjakdygyny yglan etdi.

Bu çäreler global pandemiýa öwrülen koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen görülýär.

Özbegistanda häzire çenli tassyklanan koronowirus hadysalarynyň azyndan 46-sy bolup, olaryň birinden başgasy 2.5 million ilatly Daşkende ýaşaýan adamalar bolup durýar.

Hökümet paýtagtdaky jemgyýetçilik transportynyň işini bireýýäm togtatdy we kärhanalaryň aglaba köplüginiň öz işini uzak aralykdan dolandyrmagyny buýurdy.


Şeýle-de Özbegistan, diňe daşary ýurtlylaryň gitmegine ýol bermek bilen, ýarygyje öz serhetlerini hem ýapdy.

Goňşy Gazagystanda bolsa, prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet eýeçiligindäki kompaniýalara 23-nji martda öz daşary ýurt walýutasyndaky girdejilerini ýerli bazarda satyp başlamagy buýurdy.

Bu çäre koronowirus pandemiýasy we global ýangyç bahalarynyň kesgin aşak gaçmagy sebäpli barha beter hümmetini ýitirýän ýerli puly, teňňäni goldamak maksady bilen görülýär.

Nebit-gaz eksporty Gazagystanyň esasy girdejisi çeşmesi bolup durýar.

Şeýle-de Tokaýew hökümet mejlisinde döwlet kompaniýalaryna öz daşary ýurt walýutasyndaky serişdelerini teňňä geçirip başlamagy we geçen ýyldaky girdejilerini 100 prosente çenli diwedend hökmünde tölemegi tabşyrdy.


Mundan başga, gazak lideri koronowirus pandemiýasy sebäpli azyndan apreliň ortasyna çenli dowam etjek we möhleti uzaldylyp biljek adatdan daşary ýagdaý döwründe şahsy adamlar, kiçi we orta kärhanalar babatynda bank karzlaryny üzmegi doňdurmagy buýurdy.

Gazagystanda häzir koronowirusyň resmi taýdan 62 adama ýokuşandygy tassyklandy.

Merkezi Aziýanyň ýene bir ýurdy bolan Gyrgyzystan bolsa, ýokanç wirusyň ýaýramagy bilen baglylykda, 22-nji martda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.


Gyrgyzystanda resmi taýdan 14 adama koronowirus ýokuşandygy tassyklandy.

Daşary ýurtlylaryň ýurda girmegi gadagan edildi, howa we demirýol gatnawlary, hepdede bir gezek Moskwa-Bişkek we Oş aralygyndaky uçar gatnawlaryndan başga, bes edildi.

Gyrgyzystandaky mekdepler, uniwersitetler we çagalar baglary azyndan 18-nji aprele çenli ýapyk galar.

XS
SM
MD
LG