Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusdan nädip goranmaly we onuň alamatlaryny nädip tanamly - Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maslahatlary


Illýustrasiýa suraty

Hemmeler üçin gorag maslahatlary

Birnäçe ýönekeý ätiýaçlyk çärelerini berjaý edip, COVID-19 bilen kesellemek ýa-da ony başgalara geçirmek howpuny azaldyp bilersiňiz:

  • Elleriňizi sabyn we suw bilen yzygiderli hem-de gowy ýuwuň ýa-da antiseptik ulanyň.
  • Näme üçin? Elleriňizi sabyn we suw bilen ýuwmak ýa-da antiseptik ulanmak arkaly elleriňizdäki wiruslary öldürip bilersiňiz.
  • Asgyrýan ýa-da üsgürýän adamlar bilen azyndan 1 metr (3 fut) aralygynda distansiýa saklaň.
  • Näme üçin? Kimdir biri üsgürse ýa-da asgyrsa, onuň burnundan ýa agzyndan düzüminde wirus bolup biläýjek ownuk damjalar daş-töwerege sepilýär. Gaty ýakyn bolsaňyz, eger üsgüren ýa-da asgyran adam COVID-19 bilen kesellän bolsa, onda siz düzüminde bu wirus bolmagy mümkin damjalardan dem alarsyňyz.
  • Eliňiz bilen gözleriňizi, burnuňyzy we agzyňyzy ellemekden gaça duruň.
  • Näme üçin? Eller köp ýere degýär we wirusy geçirip bilýär. Wirus eliňize ýokuşsa, eller ony gözüňize, burnuňyza ýa-da agzyňyza geçirip bilýär. Soňra wirus tutuş bedene ýaýrap, sizi kesel edip bilýär.
  • Özüňiziň we töweregiňizdäki adamlaryň üsgürmek we asgyrmak boýunça arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändigine göz ýetiriň. Bu, üsgüreniňizde ýa-da asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy egilen tirsegiňiz ýa-da salfetka (elýaglyk) bilen ýapmalydygyňyzy aňladýar. Salfetkany ulananyňyzdan soň derrew zyňyň.
  • Näme üçin? Damjalar wirusy ýaýradýarlar. Siz üsgürmek we asgyrmak boýunça arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeniňizde, başgalary dümew, sowuklama we COVID-19 ýaly wiruslardan goraýarsyňyz.
  • Özüňizi gowy duýmasaňyz, öýde galyň. Eger gyzdyryp, üsgürýän we dem almakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, gysga wagtda saglyk işgärlerine ýüz tutuň. Ýerli saglygy goraýyş edaralarynyň görkezmelerine eýeriň.
  • Näme üçin? Döwlet we ýerli saglygy goraýyş edaralarynda sebitiňizdäki ýagdaý barada iň soňky maglumatlar bolar. Wagtynda edilen jaň lukmanyňyza sizi zerur we dogry lukmançylyk merkezine tiz ugrukdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de sizi gorar we wiruslaryň hem-de beýleki ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alar.
  • COVID-19 wirusynyň iň köp ýaýran nokatlary (COVID-19 wirusynyň giňden ýaýran şäherleri ýa-da ýerli sebitleri) barada habarlary yzarlaň. Mümkin bolsa, şol ýerlere syýahat etmekden gaça duruň - esasanam garry adam bolsaňyz ýa-da süýji keseli, ýürek ýa-da öýken keselinden ejir çekýän bolsaňyz, bu sebitlere we şäherlere gitmekden saklanyň.
  • Näme üçin? Wirusyň ýaýran ýerinde size COVID-19 ýokuşmak ähtimallygy has ýokary.

COVID-19 wirusynyň esasy alamatlary

COVID-19 wirusynyň iň köp ýaýran alamatlary gyzgynyň ýokarlanmagy, ýadawlyk we gurak üsgülewükdir. Käbir hassalarda agyry, burnuň dykylmagy we akmagy, bokurdak agyry ýa-da içgeçme bolup biler. Başlangyç etapda alamatlar ýumşak, gowşak bolup, bu kem-kemden güýçlenýär. Käbir adamlara bu wirus ýokuşsa-da, olarda hiç hili alamat ýüze çykmaýar we olar özlerini erbet duýmaýarlar. Adamlaryň köpüsi (takmynan 80%) ýörite bejergä zerurlyk bolmazdan keselden açylýar. COVID-19 ýokuşan her 6 adamdan ortaça 1-i agyr keselleýär we dem almakda kynçylyk çekýär. Garry adamlara we ýokary gan basyşy, ýürek näsazlyklary ýa-da süýji keseli ýaly saglyk problemalary bolan adamlara bu wirus ýokuşsa, olaryň agyr kesellemek ähtimallygy ýokarydyr. Gyzzyrma we üsgülewük alamatlary bolan hem-de dem almakda kynçylyk çekýän adamlar lukmançylyk kömegine ýüz tutmalydyrlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG