Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar we Russiýa isleg bildirýän raýatlaryny Aşgabatdan çykarmaga taýýarlanýar


Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki aeroporty
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki aeroporty

Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanalary isleg bildirýän raýatlaryny Türkmenistandan çykarmaga taýýarlanýarlar. Bu barada iki ýruduň ilçihanalarynyň websaýtlarynda habar berilýär. Bu waka dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly, türkmen häkimiýetleriniň halkara we ýerli uçar gatnawlaryny çäklendiren mahalyna gabat geldi.

"Türkmenistanyň hökümeti ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, Türkmenistandan gitmek isleýän amerikan raýatlaryna Stambula uçjak uçarda çäkli möçberde ýer hödürlemekçidigini aýtdy. Bu uçar gatnawynyň haçan amala aşjakdygy häzirlikçe belli däl. Ýolagçylar uçar gatnawynyň töleglerini özleri tölemeli bolarlar, ýöne onuň näçe möçberde boljakdygy häzir belli däl" diýlip, amerikan ilçihanasynyň 20-nji martda çap eden maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, onda ABŞ-nyň ilçihanasynyň Aşgabatdan gitmäge gyzyklanma bildirýän amerikan raýatlarynyň sanawyny düzüp, olar barada maglumat ýygnaýandygy hem bellenilýär.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy hem Türkmenistana wagtlaýyn gelen rus we beýleki ýurtlaryň​ raýatlarynyň Moskwa gitmegini guramalaşdyrmak üçin iş alyp barýar.

"2020-nji ýylyň 17-nji martyndan Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda uçar gatnawlary togtadyldy. Munuň bilen baglanyşykly Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistana wagtlaýyn gelen rus raýatlaryny öz watanyna alyp gitmek mümkinçiligine seredýär" diýlip, rus ilçihanasynyň websaýtynda berlen maglumatda aýdylýar.

Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan "Orient.tm" neşiri ​24-nji martda ç​ap eden habarynda häzirki wagtda rus ilçihanasynyň Russiýanyň we beýleki birnäçe ýurduň raýatlarynyň Moskwa gitmegi üçin uçuş gatnawyny gurnaýandygyny habar berdi.

"Muňa gyzyklanma bildirýänleriň umumy sany takmynan 100 adamdyr. Uçuş senesi barada soňra goşmaça maglumat berler" diýip, neşir rus ilçihanasynyň bu maglumatlary sişenbe güni mälim edendigini hem belleýär.

Mundan ozal, has takygy 16-njy martda Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň websaýtynda Türkmenistandaky belarus raýatlaryny Russiýanyň üsti bilen Belarusa alyp gitmek boýunça Russiýanyň we Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň özaralarynda ylalaşandygy habar berlipdi.

Koronawirus pandemiýasy bilen bagly, dünýäniň onlarça ýurdy, şol sanda Türkmenistan öz gury ýer serhetlerini we deňiz postlaryny ýapyp, uçar gatnawlaryny çäklendirdi.

20-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Türkmenistanyň 20-nji martdan 20-nji aprele çenli öz döwlet serhetlerini ýapandygyny habar beripdi.

"Bu wagt aralygynda Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlular we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistana gelip ýa-da ondan gidip bilmezler" diýlip, rus ilçihanasynyň habarynda aýdylypdy.

Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda maglumat göze ilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG