Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň din resmileri global pandemiýa sebäpli öňümizdäki haj möwsüminiň ýurt raýatlary üçin ýatyrylmak ähtimallygyny duýdurýar


Illlýustrasiýa suraty. Haj zyýaratyndan dolanýan türkmenstanly raýatlar.
Illlýustrasiýa suraty. Haj zyýaratyndan dolanýan türkmenstanly raýatlar.

Lebabyň din işleri boýunça welaýat bölümi koronawirus keseli bilen baglylykda öňümizdäki haj möwsümine ýurt raýatlarynyň goýberilmezlik ähtimallygyny duýdurýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy gizlinlik şertlerinde habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Lebabyň administratiw merkezinde ýerleşýän Welaýat din işleri bölümi täze koronawirus dünýäde azalmasa, şu ýyl ýurt raýatlarynyň haja goýberilmezlik ähtimallygy barada haja dalaşgärlere duýdurmagy etrap ymamlaryna tabşyrdy.

Bütindünýä saglyk guramasynyň 12-nji martda çap eden maglumatyna görä, koronawirus keseli häzirki wagtda Hytaýyň daşynda 117 ýurtda hasaba alyndy.

Musulmanlaryň haj ybadatlaryny berjaý edýän şäherleri, Mekge we Medine, Saud Arabystanynda ýerleşýär. Bu ýurduň Saglyk ministrligi anna güni ýurt boýunça 67 adama wirusyň ýokaşanadygyny mälim etdi. Bu barada resmi Saud habar agentligi habar berýär.

Dünýewi Türkmenistan her ýyl döwlet serişdeleriniň hasabyna kwota esasynda haja dalaşgärleriň Saud Arabystanyna edýän saparlaryny maliýeleşdirýär. Geçen ýyl “Türkmenhowaýollary” gullugy döwlet baştutanynyň tabşyrygy bilen, 5 – 25 -nji awgust aralygynda 160 türkmenistanly zyýaratçyny Saud Arabystanyna ýörite uçar gatnawy bilen üpjün etdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistana degişli haj kwotasyna girýän zyýaratçylardan ýerli häkimiýetleriň töleg soraýandygyny aýdýar.

“Bu ýyl haj zyýaratyny etmek isleýän raýatlar döwlete 5,000 amerikan dollaryny tapyp tabşyrmaly. Indi döwlet tarapyndan, resmi kursdan dollar berilmeýär” diýip, habarçy Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

Mundan ozal, ýanwar aýynda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy haj nobatyna ýazylan dalaşgärlerden döwlet kwotasy bilen haja gitmek üçin 36,000 manat möçberinde resmi tölegiň talap edilýändigini habar beripdi. Ýöne onuň maglumatlaryna görä, resmi tölegden daşgary zyýaratçylardan para talap edilýär. Resmi töleg walýutanyň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhynda 10 müň dollara, gara bazaryň bahasyndan tas 2 müň dollara barabar bolýar.

Türkmenistanda haj zyýaraty bilen bagly resmileriň arasynda ýaýran korrupsiýa geçen sentýabr aýynda resmi derejede döwlet telewideniýesinde boýun alyndy.

Ýatlasak, 13-nji sentýabrda döwlet telewideniýesinde baş prokuror Batyr Atdaýew Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň hünärmenleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň dini guramalar bilen işleşmek bölüminiň işgärleriniň Mekge we Medinä haja gidýän adamlardan uly möçberde para alandyklarynyň üstüniň açylandygyny prezidente hasabat beripdi.

Habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp, koronawirus keseli aradan aýrylsa, bu ýyl Aşgabatdan göni Saud Arabystanyna haj üçin ýörite uçar gatnawynyň ýola goýuljakdygyny aýtdy. “Ozal Türkiýäniň üsti bilen uçýardy” diýip, ol sözüne goşdy.

Häzirki wagtda dünýäde täze koronawirus bilen baglylykda köp adamly halkara ýygnanyşyklar, şol sanda iri sport çäreleri ýatyrylýar ýa-da näbelli möhlete çenli yza süýşürilýär. Saud Arabystanynyň Haj ministrligi global pandemiýanyň fonunda öňümizdäki haj möwsümi barada heniz resmi beýanat ýaýratmady.

Türkmenistanda resmiler ýurtda koronawirus bilen kesellän näsagyň hasaba alynmandygyny aýdýarlar. 3-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçylary saglyk pudagyndaky ýerli çeşmelerine salgylanyp, koranawirus ýokuşan iki näsag barada habar berdiler, ýöne saglyk resmileri bu maglumaty dessine ret etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG