Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň döwlet azyk haryt dükanlaryna 3-4 gün bäri un getirilmeýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenabadyň ýerli bazarynda çörek söwdasy. Maý, 2012-nji ýyl. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenabadyň ýerli bazarynda çörek söwdasy. Maý, 2012-nji ýyl. Arhiwden alyndy.

Soňky bir hepde bäri Türkmenabadyň döwlete degişli un we çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek gytaldy, alyjylar çörek satyn almak üçin dükanlaryň öňünde nobata garaşmaly bolýarlar. Hususy dükanlarda çörek döwlet bahasyndan has gymmat satylýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti 26-njy martda ýurtda azyk üpjünçiligini kadalaşdyrmak maksady bilen döredilen pudagara toparyň düzümini tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň türkmenabatly habarçysynyň maglumatlaryna görä, Lebabyň administratiw merkeziniň çörek önümleri satylýan dükanlarynda çörek 2 manatdan bahalanýar, hususy dükanlarda ol 4 manatdan satylýar.

“Türkmenabadyň döwlet çörek dükanlarynda ýene-de uly nobatlar bar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenabatda elýeterli bahadan satylýan çöregiň gytçylygy eýýäm bir hepde bäri dowam edýär, şeýle-de un döwlet dükanlaryna 3-4 gün bäri asla getirilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy döwlet dükanlaryndaky un gytçylygynyň sebäpleri bilen gyzyklanyp, şäheriň un üweýji kärhanasynyň işgärleri bilen gürrüňdeş boldy.

Haraz işgärleriniň sözlerine görä, un üwemek üçin kärhanada bugdaý bar. “Ýöne Aşgabadyň görkezmesi bolmazdan, hiç kim ony üwäp bilmeýär” diýip, kärhananyň anonim şertde gürrüňdeş bolan işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Habarçynyň sözlerine görä, Türkmenabadyň döwlet dükanlaryndaky un gytçylygynyň mümkin bolan sebäpleri un üweýji kärhanlarda bar bugdaýy üwemek üçin zerur bolan “Aşgabat görkezmesi” bilen ilteşdirilýär.

Türkmenistanda, resmi maglumatlara görä, geçen ýyl ýurduň galla meýdanlaryndan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasyly ýygnaldy, ýöne Azatlygyň çeşmeleri bu sanlara soragly çemeleşýärler.

Habarçymyz Türkmenabatda ilatyň elýeterli bahadan un satyn alyp biljek ýeke-täk söwda nokadynyň döwlet dükanlarydygyny nygtaýar.

“Gytçylygyň fonunda bu dükanlar ilat üçin has wajyp ähmiýete eýe bolýar” diýip, ol aýdýar.

Habarçynyň tassyklamagyna görä, hususy dükanlarda çörek-bulka önümleri döwlet dükanlary bilen deňeşdirilende has gymmat satylýar.

“Ähli çörek-bulka önümleri ortaça 1-2 manat gymmat” diýip, habarçy aýdýar. “Ýöne Türkmenabadyň ýaşaýjylary üçin çörek gündelik sarp edilýän zerur önüm bolup, ony her gezek gymmat satyn almaklyk maşgala býujetine ep-esli täsir ýetirip bilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, hususyýetçilere ýerli türkmen unundan taýýarlanan çörek önümlerini satmak gadagan edilýär.

“Şonuň üçin hususyýetçiler öz önümlerini daşary ýurtlardan, hususan-da Gazagystandan import edilýän un görnüşlerinden taýýarlaýarlar. Serhetleriň ýapylmagy bilen, [importyň] azalandygy, ýa-da düýbünden togtadylan bolmak ähtimallygy aýdylýar. Şonuň üçin çörek gytçylygy çynlakaý duýulýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň häzire çenli anyklan maglumatlaryna görä, Türkmenabatda gazak uny häzirlikçe 25 kilogramlyk haltada 200 manatdan satylýar.

Türkmenistanda azyk harytlaryň gytçylygy döwlet serhetleriniň ýapylmagyndan soň has-da ýitileşdi. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 26-njy martda Aşgabatdaky ösümlik ýagynyň gytçylygy barada habar berdi.

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýerli ösümlik ýagy satylmaýar, daşary ýurtlardan import edilen “Oleýna” ýagynyň litrini 13 manatdan satyn almak üçin Aşgabadyň ýaşaýjylary daňdan sagat 5-den döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durup başlaýar. Hususy dükanlarda onuň bahasy 22-30 manat aralygyndadyr.

Neşiriň malgumatyna görä, Ahal welaýatynyň ösümlik ýag öndürýän zawody bir aý bäri işlemeýär, zawodyň işgärleri tölegsiz rugsada ugradyldy.

Ýurduň dürli regionlarynda un we çörek önümleriniň gytçylygy dowam edýän wagty, 26-njy martda Türkmenistanyň hökümeti ýurtda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümini tassyklady.

Ýatlasak, 2018-nji ýylda Türkmenistanda “azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmagy” maksat edinýän pudagara topar döredildi. Ýöne hatda döwlet media we metbugat serişdelerinde-de bu toparyň düzümi, ýerine ýetiren işleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Galyberse-de, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dekabrynda-da şol bir maksat bilen aýrybaşga pudagara topar döredilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG