Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda 50 kg un 1000 manada çykdy, Türkmenistan ‘taryhda görülmedik’ azyk gytçylygyna duçar bolýar


Döwlet dükany. Illýustrasiýa suraty.
Döwlet dükany. Illýustrasiýa suraty.

Dünýäde koronawirus howpy giňden ýaýraýan mahaly, Owganystandan daşgary ähli goňşy döwletler bilen guryýer serhetlerini we ýeke-täk deňiz portuny ýapyk saklaýan Türkmenistan “taryhda iň agyr” azyk gytçylygyny başdan geçirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinden habar berýär.

“Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde hem-de Serdar etrabynda azyk harytlary ençeme esse gymmatlady. “Kenar bazarynda” (Türkmenbaşy ş.) 21-nji martda 1 kilogram kartoşka 30 manada, 1 litr “Oleýna” ýagy 55 manada, sogan 20 manada, 1,5 litrlik arassalanmadyk pagta ýagy 45 manada çykdy. Ähli azyk harytlaryň bahalary gymmatlady” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy anonim şertde ýurt içinden habar berýär.

Türkmenistan ýanwaryň aýagyndan bäri Özbegistan bilen, fewralyň üçünji ongünlüginiň başlaryndan bäri Eýran bilen serhet geçelgelerini ýapyk saklaýar. Mundan ozal, koronawirusyň Türkmenistana aralaşmagynyň öňüni almak çäreleriniň çäginde fewralyň soňky hepdesinde ýapylan Türkmenistan bilen Owganystan aradaky serhet geçelgesi, owgan media serişdeleriniň habar bermegine görä, 15-nji martda gaýtadan açyldy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň soňky maglumatlaryna görä, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mejbury çäreler bilen gymmatçylgyň öňüne geçip bilmeýär.

Ýatlasak, türkmen-eýran serhedi ýapylandan soň, Türkmenistanyň dürli regionlarynda kartoşka, sogan ýaly bakja önümleriniň birbada gymmatlamagy bilen, polisiýa işgärleri bazarlarda iýmit önümleriniň bahalaryny mejbury aşak çekip, arzanlatmaga synanyşypdy.

27-nji we 28-nji fewral günleri ondan ozal Aşgabadyň bazarlarynda 5-6 manatdan satylan kartoşka 8-14 manat aralygynda bahalanyp başlandan soň, polisiýa işgärleri ýurduň bazarlarynda bahalara gözegçiligi güýçlendirdi.

Martyň başynda Aşgabatdaky “Teke bazarynda” hem-de “Gülistan” bazarynda, şeýle-de döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 6 manatdan hili pes kartoşkalar peýda boldy.

2-nji martdan başlap Balkanabadyň bazarlarynda polisiýa işgärleri satyjylardan kartoşkanyň 1 kilogramyny 5 manatdan, sogany 3 manatdan satmagy mejbury talap edip başlady. Ýöne habarçymyz mejbury talaplaryň yzýany Balkanabadyň gök-bakja önümleri satylýan bazarlarynda satyjylar arzan bahalary düşewüntsiz hasaplansoň, şäherde bu harytlaryň “gara bazarynyň” dörändigini, “gizlin söwdada” kartoşkanyň we soganyň degişlilikde 20 manat we 15 manatdan satylandygyny habar beripdi.

“Hukuk goraýjylar gymmatçylyga gözegçilik edip başarmaýar, harytlar gytalýar, gymmatlaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar regionyndan 22-nji martda ýetiren soňky habarynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýüze çykan gymmatçylygyň fonunda adamlar ätiýaç azyk satyn alyp goýmaga synanyşýar.

“Etraplaryň arasynda gatnawlar çäklendirildi. 50 kilogramlyk un 1000 manada çykdy, çörek mesele” diýip, habarçymyz Balkan welaýatyndan habar berýär.

Türkmenistanda häkimiýetler koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak synanyşyklary bilen baglylyka 20-nji martdan başlap, raýatlaryň welaýatara hereketini çäklendirdi. Şonda habarçymyz welaýatlaryň arasynda çäklendirilen hereketiň Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda etraplaryň arasynda-da güýje girizilendigini habar beripdi.

“Daşardan azyk we maliýe kömegi gelmese, Türkmenistan wirus krizisine durnukly däl” diýip, habarçymyz ençeme ýerli ýaşaýjynyň aladalaryny beýan etdi.

“Halk gowulyk bolmagyny umyt edýär. Öňümizdäki hepde resmileriň keselçiligi resmi habar bermegine garaşylýar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçymyz ýerli çeşmelerden alan maglumatyny paýlaşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ençeme balkanly ýaşaýjy soňky gytçylygyň garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ozal görülmändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG