Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda un we ýag, bankomatlarda nagt tapdyrmaýar


Aşgabadyň "Jennet"bazarynda banan satyn almak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň "Jennet"bazarynda banan satyn almak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Türkmen hökümetiniň ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini tekrarlamagynyň fonunda, azyk önümleriniň döwlet dükanlarynda gytalmagy we hususyýetçilerde gymmatlamagy dowam edýär. Munuň bilen bir wagtda bankomatlarda nagt pul tapdyrmaýar we söwda nokatlarynda töleg terminallary işlemeýär.

"Döwlet dükanlarynyň öňünde adamlar irden sagat 6-da nobata durup başlaýarlar. Her ele 7 manatdan 1 kilogram şeker we 13 manatdan 1 litr "Oleyna" ýagyny satýarlar. Bu ýagyň hususy dükanlardaky bahasy 30 manada ýetdi. Adamlar ýag satyn alanda, onuň ýanyndan 200 gramy 2 manada barabar nohudy hem satyn almaly bolýarlar. Nobatlara iki polisiýa işgäri gözegçilik edýär" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren aşgabatly habarçy 26-njy martda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtly beýleki bir habarçysy "Desse", 8-nji, 32-nji, 42-nji dükanlarda we "Teke", "Jennet" hem-de "Azatlyk" bazarlarynda azyklaryň uzaga çekse 20-25 minutda satylyp gutarýandygyny aýdýar.

Azatlygyň iki habarçysy hem, döwlet dükanlarynyň ençemesinde ilata un berilmegiň bes edilendigini aýdyp, onuň hiç ýerde tapdyrmaýandygyny belledi.

Azatlygyň regionlardaky habarçylary welaýatlardaky döwlet dükanlarynda şekeriň belli bir derejede tapdyrýandygyny, ýöne ösümlik ýagynyň we unuň gytçylygynyň ýiti derejede duýulýandygyny belleýärler.

"Harytlaryň gymmatlamagy bilen döwlet dükanlaryna gelmeli paýok unlar we ýaglar hem gelmeýär. Käbir dükanlara ýag geläýen ýagdaýynda, adamlar gije dükanlaryň oňüne baryp nobata ýazylyp gaýdýarlar. Şonda her adam başyna 3 litr ýag berilýär, ýöne nobata duranlaryň ählisine ýetmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Türkmenistandaky habarçymyz 26-njy martda gürüň berdi.

Şol bir wagtda, ol hususy dükanlarda 2-nji derejeli ýerli unuň tapdyrýandygyny, onuň 1 kilogramynyň 7 manada barabardygyny, ýöne ony haltalap satyn alyp bolmaýandygyny hem aýtdy.

Habarçy welaýatlaryň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahalarynyň hem gymmatlaýandygyny aýdyp, olaryň käbiriniň öňki we häzirki nyrhlary barada hem maglumat berdi.

  • Käşiriň 1 kilogramy häzir 3 manatdan, öň 1,50 manatdan,
  • Göläň etiniň 1 kilogramy häzir 40 manatdan, öň 30 manatdan,
  • Sarymsagyň bir kellesi häzir 6 manatdan, öň 1 manatdan,
  • Üzärligiň 1 bogdagy häzir 15 manatdan, öň 1 manatdan satylýardy.

Azyk gytçylygy we gymmatçylygy bilen bir hatarda, ýurduň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi hem dowam edýär.

"Kartlaryndaky puly hepdeläp nagtlaşdyryp bilmeýän adamlar bar. Adamlar pulsuz aýlanýarlar. Üstesine-de, hususy dükanlaryň köpüsi bar bolan töleg terminallaryny gizläp goýýar ýa-da olaryň işlemeýändigini aýdýarlar. Kartdan söwda edip bolýan hususy dükanlarda bolsa, azyk harytlarynyň bahalary beýleki dükanlardan gymmat. Adamlar öz närazylygyňy kime aýdyp bolarka diýýärler. Sebäbi ilatyň ýagdaýy gün-günden pese gaçýar" diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň biri aýtdy.

Türkmenistanda un, şeker, ösümlik ýagy ýaly azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy, şeýle-de bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlar indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýär.

Munuň üstesine, türkmen häkimiýetleriniň koronowirus aladalary sebäpli ýurduň serhetlerini ýapmagynyň yzýany, içerki bazarlarda sogan, kartoşka ýaly import edilýän gök-bakja önümleri hem gymmatlady.

Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabatda we şu hepdäniň başynda Balkanda bu golaýda görülmedik azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň başlanandygyny, bahalaryň rekord derejä ýetendigini Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG