Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Biz döwletde ýaşaýarysmy ýa-da II Jahan urşy döwründäki konslagerde?"


Özbegistan. Horezmdäki özbek-türkmen Dostluk öýi.
Özbegistan. Horezmdäki özbek-türkmen Dostluk öýi.

Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenme!

Men – Türkmenistanyň raýaty, Türkmenistanda doguldym, okadym, harby gulluk etdim we işleýärin. Ýöne men öz ýurdumda ýaşap, özüm we özüm ýaly ýarym milliona golaý (resmi däl maglumata görä bir milliondan sähel az) özbek milletinden bolan raýatlar bilen bilelikde, özümi öz topragymda näme üçin keseki duýmaly?

Men iki ýyllap türkmen goşunynyň hatarlarynda gulluk etdim, şeýlelikde (Konstitusiýanyň 58-nji maddasyna laýyklykda), Watan öňündäki borjumy ýerine ýetirdim.

Ähli raýatlar ýaly, özümiň we öz maşgalamyň ýaşaýan ýerinde, döwlete ygrarlylygymy görkezmek bilen, salgytlarymy töleýärin. Ýöne aýdyň, biz aslynda döwletde bir ýaşaýarysmy, ýa-da bu Ikinji Jahan urşy döwründäki konslagermi?

Ýa-da, Orweliň geniallygynyň iň gowy ýüze çykmalaryndamy? Siz ýurdy nämä öwürdiňiz? Ýeri, bolýar, men häzir size Türkmenistandaky milli azlyklaryň, hususan-da özbek jemgyýetiniň ýagdaýy barada ýüzlenmek isleýärin.


Jenap hökümet agzalary! Bu nähili beýle bolýar - Türkmenistan resmi ýagdaýda hemişelik bitaraplyk durumy bolan, halkara kanunlarynyň we öz kanunçylygynyň hökmürowanlygyny kepillendirýän dünýewi, demokratik we hukuk döwleti bolup durýar, emma hakykat ýüzünde adam (şol sanda haýwan) hukuklarynyň ählisi her ädimde bozulýar?

Men size diňe umumy sözler bilen ýüzlenmeýärin, eýsem-de bolsa, ýurtda ýerine ýetirilmegi hökman bolan anyk kanun düzgünlerine salgylanyp ýazýaryn. Şeýle-de, siziň halkara synçylaryny we wekillerini aldamagy bes etmegiňizi talap edýärin.

18-nji madda din we ynanç azatlygyny kepillendirýar. Emma hakykatda diňe 2007-nji ýyldan bäri ýüzlerçe adam, şol sanda özbekler, siziň jeza beriji organlaryňyzyň “gülençiler”, “wahhabistler” diýip yglan etmekleri netijesinde, gözenekden aňryk taşlandy.

Dini ynançlary boýunça elinde ýarag saklap, harby gullukda bolup bilmeýän raýatlary (Iýegowa şaýatlaryny we beýlekileri) bolsa gorkuzýarlar, basyşa sezewar edýärler we hatda öz janyna kast etmäge çenli baryp ýetmäge mejbur edýärler.

Ýogsam bolmasa, 41-nji madda şeýle düşündirýär: “Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, ol ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr.” Hany, bu azat-erkinlik nirede?


21-nji madda türkmen diline döwlet dili durumynyň berlendigini yglan edýär, ýöne muňa garamazdan, adamlaryň öz ene dillerini ulanmak hukuklaryny hem kepillendirýär. Eýsem, hakykatda bu düzgün nirede berjaý edilýär?

Şu günki günde Daşoguz welaýatynda, edil Lebap welaýatynda hem bolşy ýaly, özbek dilinde sapak berilýän ýekeje-de mekdep, çagalar bagy ýok; ÝOJ-larda özbek dilinde sapak berilýän toparlar-da, hatda özbek dilini öwrenmek mümkinçiligi-de ýok. Eýsem bu diskriminasiýa ýada kemsitme däl-de, başga näme bolýar?

Türkmenistanda ýaşaýan özbek jemagaty resmi taýdan ýarym million, resmi däl hasaplamalara görä tas bir million adamdan ybarat. Siziň TDH-ňyz olary rus dilindäki habarynda “diaspora” diýip atlandyrdy.

Bu nirede, aýdyň, haýyş edýärin, diaspora hatda resmi ýagdaýda hem ýerli ilatyň Daşoguzda 55,3%, Daşoguz etrabynda 87,1%, Gowurdak şäherinde 84,5%, Çarşaňňy etrabynda 77,5 prosentlerini düzüp biler?


Hakyky ýagdaýa görä, bu adamlar Çärjew, Seýdi, Kerki, Köneürgenç, Ýylanly şäherlerindäki; Çärjew, Dänew, Farap, Amyderýa, Darganata, Ýylanly etraplaryndaky ýerli ilatyň aglaba bölegini düzýär.

Bularyň hemmesine atanak çekmän, siz iň bolmanda göz üçin her welaýatda bir mekdebi hem ýapman goýmadyňyz? Hany azat-erkinlik?

Özüni Merdan diýip atlandyran türkmen raýatynyň ýüzlenmesi rusçadan terjime edildi.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

------------------------

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG